Oýun sanawy

Moskwada rekord derejeli gar: tebigy hadysa 55 ýyllyk görkezijini täzeledi

28 Aprel. 12:18

Çeşme

Russiýanyň paýtagtynda soňky günlerde bolup geçen gar ýagynlary taryhy rekordlaryň täzelenmegine sebäp boldy. «Fobos» howa merkeziniň hünärmenleriniň maglumatlaryna görä, şäherdäki gar örtüginiň beýikligi eýýäm 12 santimetre ýetdi. Bu görkeziji soňky ýarym asyrdan gowrak wagtyň dowamynda, has takygy 55 ýyllap dowam eden rekordyň yzda galandygyny aňladýar.

Howa menziliniň baş hünärmeni Mihail Leusyň tassyklamagyna görä, bu dereje aprel aýynyň ahyry üçin adatdan daşary ýagdaý hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde, beýleki bir hünärmen Ýewgeniý Tişkowes paýtagta düşen umumy ygalyň mukdarynyň has ýokarydygyny, ýagny düýn 21 santimetr ygal düşendigini belledi. Şeýle äpet gar ýagynlary iň soňky gezek mundan 144 ýyl ozal, ýagny 1880-nji ýylda hasaba alnypdyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌