Oýun sanawy

«Burning Man» festiwalyna döwük Eýfel diňiniň görnüşindäki gurnama getirildi

05 Sen. 14:56

Çeşme

ABŞ-nyň Newada ştatyndaky Blek-Rok çölünde geçirilýän meşhur «Burning Man» festiwalynda beýikligi 30 metre ýetýän we ortasyndan ikä bölünen Eýfel diňi görnüşindäki uly installýasiýa guraldy. «Eiffela Broken Dream» diýlip atlandyrylan bu taslama fransuz telekeçisi we guramaçysy Filipp Mendron tarapyndan taýýarlanyp, bäsleşige hödürlenen 500 töweregi işiň arasyndan saýlanyp alyndy. Awtoryň düşündirişine görä, gurnamanyň aşaky bölegi ýitip giden siwilizasiýany, ýokaryksy bolsa geljege bolan umydy aňladýar.

Bäş müň metal bölekden we 10 müňden gowrak boltdan ybarat bolan, agramy 30 tonna ýetýän bu polat gurluş Fransiýada taýýarlanylyp, ABŞ-a getirildi hem-de 72 sagadyň dowamynda ýygnaldy. Mendron umumy býujeti 300 müň ýewro deň bolan bu taslamany öz hasabyna we karz serişdeleriniň esasynda amala aşyrdy. Festiwal tamamlanandan soňra, bu döwrebap sungat eseri başlangyç bahasy 500 müň dollar bolan auksiona çykarylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌