Oýun sanawy

BSGG hantawirus boýunça halkara derejesinde howp ýokdugyny mälim etdi

06 Maý. 06:29

Çeşme

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) bilmenleri hantawirus ýokanjynyň dünýä derejesinde giň gerimli ýaýramak ähtimallygynyň örän pesdigini tassykladylar. Guramanyň Ýewropa edarasynyň ýolbaşçysy Hans Klýuge jemgyýetçilik torlary arkaly beren beýanatynda häzirki wagtda bu mesele boýunça uly howsalanyň ýokdugyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, epidemiologik ýagdaý doly gözegçilikde saklanylýar we ilat üçin düýpli töwekgelçilikler anyklanmady.

Hantawirusyň özboluşly aýratynlygy barada durup geçmek bilen, hünärmenler bu ýokanjyň adamdan adama geçmek häsiýetiniň pesdigini nygtadylar. Keseliň ýokuşma çeşmesi adatça daşky gurşaw we tebigy ojaklar bilen gönüden-göni baglydyr. BSGG-niň wekili käbir ýagdaýlarda keseliň agyr geçip bilýändigine garamazdan, onuň epidemiýa öwrülmek ähtimallygynyň ýokdugyny, şonuň üçin halkara syýahatlaryna ýa-da söwda gatnaşyklaryna hiç hili çäklendirmeleriň gerek däldigini aýratyn belledi.

Soňky günlerde halkara habar serişdelerinde syýahatçylyk gämileriniň birinde ýokanç keseliň birnäçe ýagdaýynyň hasaba alynmagy jemgyýetçilikde gyzyklanma döredipdi. Hususan-da, «MV Hondius» gämisinde bolan hadysa saglygy goraýyş edaralarynyň ünsüni çekdi. Muňa garamazdan, BSGG bu wakanyň lokallaşdyrylandygyny we onuň umumy dünýä saglygy goraýyş ulgamyna wehim salmaýandygyny tassyklaýar.

Lukmançylyk ylmyna görä, bu ýokanjyň esasy çeşmesi hökmünde gemrijiler görkezilýär. Keseliň ýokuşmagy esasan arassaçylyk kadalarynyň pes bolan we ýeterlik derejede şemalladylmaýan ýapyk binalarda mümkindir. Saglygy goraýyş hünärmenleri binalaryň arassaçylygyna üns bermegi we ýapyk ýerleri yzygiderli şemalladyp durmagy esasy öňüni alyş çäreleri hökmünde maslahat berýärler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌