Oýun sanawy

Sahara çölünde dünýäniň iň uly gidrotehniki desgasy guruldy

05 Maý. 13:56

Çeşme

Sahara çölüniň jümmüşinde adamzat taryhyndaky iň ägirt uly inženerçilik taslamalarynyň biri bolan emeli derýa ulgamynyň gurluşygy tamamlandy. Umumy uzynlygy 4000 kilometrden geçýän bu suw geçiriji ulgam, dünýäniň iň gurak sebitleriniň birinde suw üpjünçiligini düýpli özgertmäge gönükdirilendir. Taslamanyň esasy maksady çölüň aşagyndaky ätiýaçlyklary tygşytly ulanmak arkaly kenarýaka sebitleri we oba hojalyk ýerlerini janlandyrmakdan ybaratdyr.

Bu täsin ulgam Liwiýanyň demirgazyk bölegini durnukly suw serişdeleri bilen üpjün etmek üçin çölüň çuňlugyndaky ýerasty gatlaklardan peýdalanýar. 1980-nji ýyllarda düýbi tutulan bu taslamany amala aşyrmak üçin ýigrimi ýyldan gowrak wagt we 25 milliard dollardan gowrak serişde sarp edildi. Desganyň gurluşygynda grawitasiýa ýörelgeleriniň ulanylmagy, suwuň uly böleginiň goşmaça energiýa sarp edilmezden akmagyna mümkinçilik berýär, bu bolsa ony ykdysady taýdan amatly edýär.

Hünärmenleriň bellemegine görä, bu emeli derýanyň gözbaşynda takmynan 40 müň ýyl mundan ozal emele gelen ýerasty suw howdanlary durýar. Häzirki wagtda oturdylan kuwwatly turba geçirijiler arkaly günde 6,5 million kub metre çenli suwy ýer ýüzüne çykarmak mümkinçiligi döredildi. Bu ägirt uly suw akymy sebitde azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde we täze ekin meýdanlaryny döretmekde möhüm rol oýnaýar.

Emma bu taslama ekologik taýdan käbir soraglary hem orta atýar, sebäbi ulanylýan ýerasty suwlar gaýtadan dikeldilmeýän tebigy serişde hasaplanýar. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, bar bolan ätiýaçlyklar häzirki sarp ediliş depgininde 60 ýyldan 100 ýyla çenli möhlete ýetip biler. Şol sebäpli hem bu gymmatly serişdäni rejeli ulanmak we geljek nesiller üçin tygşytlamak meseleleri häzirki wagtda alymlaryň dykgat merkezinde durýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌