Oýun sanawy


Russiýanyň döwlet Baştutany iri halkara ykdysady maslahatyna gatnaşar
01 Iýun. 10:07Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň şu hepde guraljak Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy habar beriş agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşmagyna garaşylýar. Ýerli metbugat çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, bu duşuşyk global media giňişliginiň wekilleri bilen häzirki zaman syýasy we ykdysady ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm platforma bolar.
Mundan başga-da, rus lideriniň bu iri ykdysady maslahatyň çäklerinde däp bolup gelýän giň göwrümli wezipeler baradaky çykyşyna hem garaşylýar. Bu ugurdaky meýilnamalar we halkara gepleşikleriň maksatnamalary barada Russiýanyň döwlet telewideniýesiniň habarçylary we seljeriş gulluklary giňişleýin habar berdiler. Resmi çeşmeleriň tassyklamagyna görä, foruma dünýäniň köp sanly ýurdundan iri telekeçiler we syýasatçylar ýygnanarlar.
Döwlet Baştutanynyň şu hepdäniň dowamyndaky iş tertibine birnäçe möhüm duşuşyklar, şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikler girizildi. Bu duşuşyklar sebitara hem-de bütindünýä ykdysady gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga gönükdirilendir.
Forumyň dowamynda geçiriljek bu ýokary derejeli duşuşyklar häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň meselelerini çözmekde we habar beriş serişdeleriniň orny baradaky garaýyşlary kemala getirmekde esasy orun eýeleýär. Maslahatyň çäklerindäki wajyp waka öwrüljek bu duşuşyklar media pudagynyň halkara derejesindäki ornuny has-da işjeňleşdirer.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.