Oýun sanawy


Pekinde gumanoid robotlaryň gatnaşmagynda ýarym marafona taýýarlyk synaglary geçirildi
15 Aprel. 04:28Hytaýyň paýtagtynda adam görnüşli robotlaryň arasynda geçiriljek ikinji ýarym marafonyň öňüsyrasynda uly gölemli taýýarlyk işleri tamamlandy. Gijeki synag ylgawyna 70-den gowrak inženerçilik topary gatnaşyp, öz enjamlarynyň hakyky şäher şertlerine uýgunlaşyş derejesini barladylar. Bu çäre robotlaryň hereket sazlaşygyny we tehniki durnuklylygyny anyklamak üçin möhüm tapgyr boldy.
19-njy aprelde E-Town ösüş zolagynda meýilleşdirilýän resmi ýaryş robototehnika pudagy üçin uly synag bolar. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sany bäş esse artdy. Ýaryşa jemi 100-den gowrak robotyň çykarylmagy meýilleşdirilýär, bu bolsa Hytaýda awtonom ulgamlaryň ösüşiniň täze derejä çykandygyny görkezýär.
Şu ýylky ýaryşyň şertleri ep-esli kynlaşdyryldy. Robotlaryň takmynan 40 göterimi doly awtonom nawigasiýa ulgamy bilen üpjün edildi, bu bolsa olaryň daşarky kömeksiz hereket etmelidigini aňladýar. Şol sebäpli eminler täze baýrak görnüşlerini, hususan-da, enjamyň durnuklylygy we pellehana bökdençsiz ýetmek ukyby boýunça ýörite nominasiýalary girizdiler.
21 kilometrlik aralyk robotlar üçin heniz hem çynlakaý tehniki päsgelçilik bolup galýar. Öňki tejribeler köp enjamlaryň batareýa we gyzyş meseleleri sebäpli ýaryşy dowam edip bilmändigini görkezdi. Häzirki wagtda alymlar we inženerler robotlaryň sowadyş ulgamlaryny kämilleşdirmek we energiýa tygşytlylygyny artdyrmak ugrunda iş alyp barýarlar.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.