Oýun sanawy

NASA Aýyň tarapyna barýan asteroid üçin ýadro çärelerini göz öňünde tutýar

27 Sen. 07:22

Çeşme

NASA-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary 2024 YR atly asteroid bilen bagly howpuň öňüni almak üçin ýadro serişdesini ulanmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada arXiv ylmynyň saýtynda çap edilen ylmy işde habar berilýär.

60 metr töweregi ululykdaky asteroid 2032-nji ýylda Aý bilen çaknyşyp biler diýen 4% mümkinçilige eýe. Munuň netijesinde Aýyň ýüzünden göteriljek tozan we galyndy buludy, Ýeriň daşyndaky giňişlikde mikrometeoritleriň sanyny birnäçe esse ýokarlandyryp biler. Bu bolsa hem-orbitadaky emeli hemra enjamlaryna, halkara kosmos stansiýasyna we geljekki Aý missiýalaryna howp döredýär.

Kinetiki täsir bilen ugruny üýtgetmek — öň DART missiýasynda ulanylan usul — bu ýerde howpludyr. Sebäbi asteroidleriň massasynyň takyk bilinmezligi (51-den 711 million kilograma çenli çaklanylýar) netije bermän, onuň hatda Ýere tarap gönükdirilmegine sebäp bolup biler.

Şonuň üçin alymlar başgaça ýoly hödürleýärler: 1 megatonlyk ýadro ýaragyny alyp baryp biljek awtonom kosmos gämisini asteroide ibermek. Howpsuzlyk üçin ätiýaçlyk bombasyny hem ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. 2028-nji ýylda asteroid Ýere ýakyn geçende, onuň aýratynlyklary has takyk kesgitlenip biler. Eger çynlakaý howp ýüze çyksa, degişli missiýanyň uçurylyş döwrüniň 2029-njy ýylyň ahyryndan 2031-nji ýylyň ahyryna çenli açylmagyna garaşylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌