Oýun sanawy

Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet Merkezi pars dili mugallymlaryny ýygnaýar

30 Sen. 11:27

Çeşme

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýerleşýän Eýranyň Medeniýet Merkezi pars dili mugallymlary üçin iş orunlaryny açýar.

Doly we ýarym iş güni üçin hünärmenler çagyrylýar.

Ýokary okuw jaýlaryny tamamlanlar we medeniýet, pars dili we edebiýaty ulgamynda Medeniýet Merkezi bilen mugallymçylyk etmek we işlemek isleýän ähli gyzyklanýanlar hyzmatdaşlyga çagyrylýar.

Dalaşgärlere esasy talaplar: pars diliniň gürlemek we ýazmak boýunça erkin bilmek, okatmagyň we mugallymçylygyň usullaryny bilmek, şeýle hem türkmen we rus dillerini erkin bilmek. Pars dilini mugallymçylyk etmek tejribesi dalaşgärlary gözden geçirmekde goşmaça artykmaçlyk bolar.

Bütin ýurtdan gyzyklanýan adamlar tarapyndan ýüz tutmalar kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgärlaryň pars dilinde el bilen ýazylan jikme-jik özgeçmişini taýýarlamagy we onuň suratyny şahsy suraty we bilim hakyndaky resminamalaryň göçürmeleri bilen birlikde iranculturalconsulate@gmail.com elektron poçta salgysyna iberilmegi zerur.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌