Oýun sanawy


Şu günler Türkmenistanyň ähli sebitlerinde halk teatrlarynyň arasynda guralýan «Şadyýan şahandazlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrlary ýokary guramaçylyk derejesinde dowam edýär. Şonun çäklerinde, Balkanabat şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Balkan welaýat döwlet drama teatrynda bäsleşigiň nobatdaky welaýat tapgyry geçirildi. Milli medeniýetimizi we teatr sungatymyzy dabaralandyrýan bu bäsleşik sebitiň döredijilik toparlaryny we medeniýet muşdaklaryny bir ýere jemledi.
Halk teatrlarynyň arasynda degişme sahna eserlerini ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan bu bäsleşikde, gatnaşyjylaryň çykyşlarynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly häsiýetleri, şahandazlygy, göwnaçyklygy, wäşiligi, dilewarlygy hem-de suhangöýligi aýdyň beýanyny tapdy. Sahna ussatlary özleriniň şorta sözleri, gülkili pursatlary we pelsepewi degişmeleri arkaly tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar we halkyň durmuş ýörelgelerini çeper keşplerde janlandyrdylar.
Emin agzalarynyň gelen netijeli çözgüdine görä, Gyzylarbat etrabynyň medeniýet bölüminiň Janahyr şäherçe halk teatry bäsleşigiň baş baýragyna (Gran-pri) mynasyp boldy. Şeýle-de, ýaryşda uly ussatlyk görkezen Türkmenbaşy şäher medeniýet bölüminiň halk teatry 1-nji orny, Gyzylarbat etrabynyň medeniýet bölüminiň halk teatry 2-nji orny we Bereket etrabynyň medeniýet bölüminiň halk teatry bolsa 3-nji orny eýelemegi başardylar. Ýeňiji bolan toparlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.