Oýun sanawy


Täze ýyl öňüsyrasyndaky teatr günleri: Türkmenistanyň sahnalarynda baý maksatnama
17 Dek. 12:35Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ähli künjeklerindäki teatrlar tomaşaçylara giň gerimli medeni maksatnamany hödürleýär. 2025-nji ýylyň 19–21-nji dekabry aralygynda uly-kiçi üçin niýetlenen otuzdan gowrak sahna eseri görkeziler.
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry
20-nji dekabr, 19:00 — «Ependi ýa-da gülkünç goňşy»
21-nji dekabr, 19:00 — «Gülki agşamy»
Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry
20-nji dekabr, 19:00 — «Sawçy hem sallahlar»
21-nji dekabr, 19:00 — «Hoş geldiň täze ýyl!»
Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry
19-njy dekabr, 11:00 — «Sakarja geçi»
19-njy dekabr, 19:00 — «Gülki sowgady»
20-nji dekabr, 19:00 — «Näzli dildarym»
21-nji dekabr, 16:00 — «Sabyr Ataýewa»
21-nji dekabr, 19:00 — «Geliň gülşeliň»
A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry
19-njy dekabr, 19:00 — «Счастье туркмен»
20-nji dekabr, 12:00 — «Проделки Бабы Яги»
20-nji dekabr, 19:00 — «Свободные бабочки»
21-nji dekabr, 11:00 — «Гринч, похититель Нового года»
21-nji dekabr, 13:00 — «Гринч, похититель Нового года»
21-nji dekabr, 19:00 — «Пять вечеров»
Mollanepes adyndaky Talyp teatry
20-nji dekabr, 19:00 — «Ýediň enesi»
21-nji dekabr, 19:00 — «Gülki agşamy»
Arkadag şäheriniň Aman Gülmämmedow adyndaky Döwlet drama teatry
20-nji dekabr, 19:00 — «Ýagyş ýagan gijesi»
21-nji dekabr, 19:00 — «Älemgoşarly tomus»
Türkmen döwlet gurjak teatry
20-nji dekabr, 17:00 — «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar»
20-nji dekabr, 19:00 — «Jüýteniň toýy»
21-nji dekabr, 12:00 — «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar»
21-nji dekabr, 17:00 — «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar»
21-nji dekabr, 19:00 — «Gülki agşamy»
Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatry
19-njy dekabr, 17:00 — «Jadygöýiň agyrly dişi»
20-nji dekabr, 19:00 — «Gumly gelin»
21-nji dekabr, 19:00 — «Gumly gelin»
Daşoguz welaýatynyň N. Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatry
20-nji dekabr, 19:00 — «Gülmek ömürden»
21-nji dekabr, 19:00 — «Şygyr diwany»
Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatry
20-nji dekabr, 19:00 — «Gelinler»
21-nji dekabr, 19:00 — «Söýmedige süýkenme»
Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatry
20-nji dekabr, 19:00 — «Dowamat»
21-nji dekabr, 19:00 — «Geliň gülşeliň»
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň