Oýun sanawy


Makron 2027-nji ýyldaky Prezident saýlawlaryna gatnaşmajakdygyny mälim etdi
02 Ýan. 13:09Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawlaryna dalaşgär bolmajakdygyny resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtyň özünde ol häzirki ygtyýarlyklarynyň möhleti tamamlanýança döwlet Baştutany wezipesini dowam etdirjekdigini aýtdy. Bu barada Makron Täze ýyl mynasybetli millete eden ýüzlenmesinde BFMTV teleýaýlymy arkaly mälim etdi.
Fransuz lideri 2027-nji ýylyň aprelinde geçiriljek saýlawlaryň asuda ýagdaýda, aç-açanlyk ýörelgelerine laýyklykda we daşarky gatyşmalardan azat görnüşde geçmegi üçin ähli tagallalaryny etjekdigini belledi. Bu çykyş halkara jemgyýetçiliginde, şol sanda Türkmenistanda hem uly gyzyklanma döretdi, sebäbi Türkmenistan dünýä syýasatyndaky möhüm prosesleri üns bilen synlaýar.
Soňky ýyllarda Fransiýada çylşyrymly syýasy ýagdaý emele geldi. 2024-nji ýylda geçirilen möhletinden öňki parlament saýlawlary syýasy durnuksyzlyga we hökümetiň ýygy-ýygydan çalşylmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaýyň fonunda dürli syýasy toparlar Makrondan wezipesinden çekilmegini talap etdiler.
Emmanuel Makron häzirki wagtda Prezident wezipesinde ikinji möhletini alyp barýar. Fransiýanyň kanunçylygyna laýyklykda, onuň üçünji gezek dalaşgär bolmaga hukugy ýok. Şonuň üçin onuň bu karary diňe Fransiýada däl, eýsem Türkmenistanda hem halkara syýasy ösüşleriň bir bölegi hökmünde üns merkezinde saklanýar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.
Şeýle hem okanyň