Oýun sanawy


Tailandda şa gyzy Pa 47 ýaşynda aradan çykdy şu gün 08:04 6k+ Tailandda şa gyzy Pa 47 ýaşynda aradan çykdy Tailandyň patyşasy Rama X-nyň uly gyzy, halk arasynda şa gyzy Pa hökmünde tanalýan şa gyzy Bajrakitiýabha Narendira Debýawati 47 ýaşynda aradan ç
13 Iýun. 06:44Tailandyň patyşalyk köşkiniň metbugat gullugy häzirki wagtda ýurduň başynda duran patyşa Rama X-nyň uly gyzy, köpçülige şa gyzy Pa ady bilen tanyş bolan Bajrakitiýabha Narendira Debýawatiniň aradan çykandygy baradaky resmi maglumaty tassyklady. Bellisli jemgyýetçilik we döwlet işgäri 47 ýaşynda dünýäsini täzedi. Şa gyzynyň saglyk ýagdaýy 2022-nji ýylyň dekabrynda milli seýilgähleriň birinde gezelençde wagty duýdansyz huşundan gitmegi bilen gowşapdy. Ol tizlikde dikuçar arkaly Bangkokyň esasy hassahanasyna ýerleşdirilip, ömrüniň soňky günlerine çenli şol ýerde lukmanlaryň gözegçiliginde huşsuz ýagdaýda ýatdy.
Şa gyzy Bajrakitiýabha 1978-nji ýylyň 7-nji dekabrynda dünýä indi we ABŞ-nyň Kornell uniwersitetinde ýokary bilim alyp, hukuk ylymlarynyň magistri hem-de doktory diýen ylmy derejelere eýe boldy. Öz zähmet ýoluny Tailandyň Baş prokurorlygynyň edarasynda prokuror bolup başlan şa gyzy hukuk ulgamynda uly tejribe toplady. Mundan başga-da, ol 2012 — 2014-nji ýyllar aralygynda ýurdunyň halkara diplomatik gatnaşyklaryna işjeň goşant goşup, Tailandyň Awstriýadaky, Sloweniýadaky we Slowakiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerini üstünlikli berjaý etdi.
Onuň adam hukuklaryny goramak baradaky netijeli işleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem ykrar edildi. BMG-niň Jenaýatçylygyň öňüni almak we jenaýat adalatlylygy boýunça komissiýasy 2017-nji ýylda ony Günorta-Gündogar Aziýada kanunyň hökmürowanlygy meseleleri boýunça ýörite hoşniýetli ilçi edip belläpdi. Şa gyzy tussaglykda oturan aýal-gyzlaryň kanuny hukuklarynyň goralmagy ugrunda hem yzygiderli göreşdi. Şeýle-de ol 2021-nji ýylda general adyna eýe bolup, Patyşalyk howpsuzlyk serkerdeliginde jogapkärli harby wezipäni amala aşyrdy.
Halkara habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, patyşa maşgalasynyň agzasynyň aradan çykmagy sebäpli Tailandyň çäginde resmi taýdan milli matam yglan edilmegine garaşylýar. Munuň bilen birlikde, merhum şa gyzy patyşa Rama X-nyň tagta geçmäge hukugy bolan üç perzendiniň biridir. Häzirki wagtda Tailand Patyşalygynyň tagtynyň esasy mirasdüşeri hökmünde monarhyň üçünji nikasyndan bolan ogly — şazada Dipangkorn Rasmiçoti görkezilýär.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.