Oýun sanawy

Pakistanda güýçli ýagyşlar pidalara we weýrançylyklara sebäp boldy

02 Aprel. 06:39

Çeşme

Pakistanyň Haýber-Pahtunhwa welaýatynda emele gelen çabgalar netijesinde 11 adam ölüp, 18 adam dürli derejelerde şikes aldy. «Anadolu Ajansi» agentliginiň maglumatlaryna görä, tebigy betbagtçylyk köp sanly ýaşaýyş ýerleriniň suw astynda galmagyna we ulag gatnawynyň bökdemegine getirdi. Ýerli häkimiýetler agaçlaryň ýykylmagy we süýşgünleriň bolmagy netijesinde sebitiň infrastrukturasyna, esasanam elektrik ulgamyna we ýollaryna uly zeper ýetendigini mälim etdiler.

Tebigy heläkçilikden has köp zeper çeken ýerleriň biri hem Swat etrabydyr. Bu ýerde ýagyşlaryň täsiri bilen derýalar we akarlar hanasyndan çykyp, güýçli sil akymlaryny emele getirdi. Daglyk ýerlerde dörän süýşgünler esasy ýollary ýapdy, bu bolsa halas ediş işlerini kämilleşdirmäge päsgel berýär. Häzirki wagtda heläkçilige uçranlara kömek bermek we ýollary arassalamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Howa maglumaty gullugynyň hünärmenleri ýakyn günlerde ýagynly howanyň dowam etjekdigini duýdurýarlar. Daglyk etraplarda gar ýagmagyna, beýleki ýerlerde bolsa täze çabgalaryň bolmagyna garaşylýar. Şol sebäpli häkimiýetler raýatlardan seresap bolmagy, howply zolaklardan uzakda durmagy we adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň maslahatlaryna eýermegi soraýarlar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌