Oýun sanawy


Türkiýede Nuhuň gämisiniň gözlenýän ýerinde täze taryhy tapyndylar ýüze çykaryldy
29 Sen. 12:03Alymlar Türkiýäniň Agrydag (Ararat) etegindäki Durupinar sebitinde Nuh pygamberiň gämisini gözlemek boýunça barlaglaryň nobatdaky tapgyryny jemlediler. Siwas uniwersitetiniň professory Jenker Atilanyň baştutanlygyndaky halkara topar, 164 metrlik gämä meňzeş geologik gurluşyň çäginde umumydünýä tupanyndan hem öňki döwre degişli bolmagy mümkin diýlip çaklanylýan toýun gaplary tapdy. Tapyndylaryň nusgalary jikme-jik barlag geçirmek üçin Ankara iberildi.
Bäş ýurtdan gelen 20-ä golaý hünärmen harby radarlaryň we 3D skanirlemäniň kömegi bilen ýer astynda özara kesişýän boşlukly gurluşlar ulgamyny tapdylar. Şeýle hem bu ýerde uglerodyň mukdarynyň daş töwerekdäki toprakdan 40 göterim ýokarydygy anyklandy, bu bolsa ýer astynda gadymy agaç ýa-da organiki galyndylaryň bardygyny görkezýär. Ilki bilen 1949-njy ýylda ABŞ-nyň Harby-howa güýçleri tarapyndan surata alnan bu anomal zolak hakynda doly tassyklanan netijeler ýakyn wagtda ylmy makalalarda çap ediler.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.