Oýun sanawy


Hindistan bugdaý eksportyna goýlan gadagançylygy dörtden bir aýdan soň aýyrdy
25 Awgust. 08:48Hindistan 2022-nji ýyldan bäri bugdaý eksportyna girizilen çäklendirmeleri doly ýatyrdy. Hindistanyň Daşary söwda meseleleri boýunça baş müdürliginiň habar bermegine görä, bu karar derhal güýje girip, ol bugdaýyň gaty sortlaryna, una we beýleki däne önümlerine degişlidir. Bu ädim dünýä bazarynda däne üpjünçiligini artdyryp, import edijileriň ykdysady basyşyny gowşadar.
2022-nji ýylda içki azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen girizilen gadagançylyk ýurtda gazanylan rekord derejedäki hasyllylykdan soň aýryldy. Geçen oba hojalyk ýylynda Hindistanda 120,6 million tonna bugdaý ýygnaldy, ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrliginiň (USDA) çaklamalaryna görä bolsa 2026/2027-nji okuw ýylynyň ahyryna däne ätiýaçlyklary rekord derejä ýeter.
Gadagançylygyň doly ýatyrylmagy, aýratyn-da Aziýa, Afrika we Ýakyn Gündogar ýurtlary üçin bugdaý üpjünçiligini ep-esli ýokarlandyrar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.