Oýun sanawy

Malaýziýadaky güýçli ýangyn 1 müňe golaý öýi ýok etdi

21 Aprel. 07:35

Çeşme

Malaýziýanyň Borneo adasyndaky Sabah ştatynyň kenarýaka obasynda dörän ägirt uly ýangyn müňlerçe adamy ojaksyz galdyrdy. "Reuters" habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, alaw obadaky öýleriň tas ählisini kül edipdir. Ýaşaýjylar öz janyny halas etmek üçin gyssagly suratda öýlerini terk etmeli boldular.

Sandakan etrabynyň ýangyn söndüriş-halas ediş gullugynyň ýolbaşçysy hünärmenleriň waka ýerine derrew ugradylandygyny, emma ýangynyň öňüni almagyň örän kyn bolandygyny mälim etdi. Güýçli öwüsýän ýel we jaýlaryň biri-birine örän golaý, dykyz ýerleşmegi alawyň gysga wagtyň içinde binalaryň agramly bölegine ýaýramagyna sebäp boldy. Ýangyn söndürijiler barýança, ot eýýäm obanyň uly bölegini gurşap alypdyr.

Habarda bellenilişi ýaly, bu pajygadan jemi 9 müňe golaý ýaşaýjy ejir çekdi. Bagtly ýagdaýda, ýangynda pida bolanlaryň ýokdugy tassyklanyldy. Häzirki wagtda Sabah ştatynyň häkimiýetleri öýsüz galan raýatlar üçin wagtlaýyn düşelgeleri guraýarlar we ýangynyň gelip çykyş sebäplerini anyklamak boýunça derňew işlerini geçirýärler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌