Oýun sanawy

Hermès dördünji çärýekde €4,09 milliard girdeji gazandy: esasy ösüş ýantorbalardan geldi

13 Few. 09:26

Çeşme

Fransuz moda öýi Hermès 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwlarynyň 9,8% ýokarlanandygyny mälim etdi. Kompaniýa bazar çaklamalaryndan ýokary netije gazanyp, 4,09 milliard ýewro möçberinde girdeji aldy.

Şol döwürde LVMH bary-ýogy 1% ösüş görkezdi, Kering bolsa pese gaçyş bilen ýüzbe-ýüz boldy.

WWD neşiriniň ýazmagyna görä, brendiň durnukly ösüşiniň esasy sebäbi onuň önümçiligiň ähli tapgyrlaryna doly gözegçilik edýän dikleýin integrasiýa ulgamydyr.

Esasy ösüş deri önümleriniň hasabyna üpjün edildi. Hususan-da, Birkin, Kelly we Constance ýaly meşhur ýantorbalaryň satuwy 14,6% artdy. Şeýle hem şaý-sepler we öý üçin niýetlenen önümler 12,9% ösüş görkezdi.

Iň gowşak netije parfýumeriýa we kosmetika ugrunda hasaba alyndy — bu bölümde satuwlar 14,6% peseldi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌