Oýun sanawy


Netflix Frida Kalo we Diego Riweranyň durmuşy barada täze serial surata düşürer
18 Mart. 13:45Dünýäniň iň iri striming platformasy bolan Netflix meksikaly meşhur suratkeş zenan Frida Kalo we onuň adamsy, belli nakgaş Diego Riweranyň durmuşyna bagyşlanan täze serialyň üstünde işläp başlady. «Deadline» neşiriniň habar bermegine görä, bu taslama ýazyjy Kler Berestiň «Gara reňk ýok, bolmazam» (Rien n'est noir) atly meşhur romanyna esaslanar. Serial meşhur jübitiniň diňe bir döredijilik ýoluny däl, eýsem olaryň şahsy durmuşynyň iň gizlin taraplaryny hem açyp görkezer.
Serialda iki suratkeşiň arasyndaky örän çylşyrymly we galagoply gatnaşyklar — çuňňur söýgi, biwepalyk we döredijilik bäsdeşligi şol döwrüň syýasy hem-de jemgyýetçilik ýagdaýlary bilen utgaşykly beýan ediler. Ssenariýany Mariýa Rene Prudensio ýazýar, režissýorlyk işine bolsa «Jek Raýan» serialy bilen tanalýan Patrisia Riggen hem-de «Narko» (Narcos) taslamasynyň üstünde işlän Gabriel Ripstaýn jogap berer. Filmiň resmi ady häzirlikçe mälim edilmedi, emma oňa häzirden uly gyzyklanma bildirilýär.
1907-nji ýylda dünýä inen Frida Kalo Meksikanyň iň tanalýan sungat wekilleriniň biridir. Onuň eserlerinde realizm, simwolizm we Meksikanyň halky sungatynyň elementleri täsin görnüşde jemlenýär. Fridanyň ykbaly 18 ýaşynda uçran agyr ulag heläkçiliginden soň düýpli üýtgeýär. Oňurgasy, ýanbaş süňkleri we gapyrgalary birnäçe ýerinden döwlen ýaş gyz uzak wagtlap düşege baglanýar we ömrüniň ahyryna çenli agyrylaryň içinde ýaşamaly bolýar. Hut şu kynçylyklar onuň eserlerindäki çuňňur pelsepäniň we ejiriň esasy çeşmesine öwrüldi.
1929-njy ýylda Frida özüniň kärdeşi Diego Riwera durmuşa çykdy we olaryň durmuşy rowaýata öwrülen wakalara baý boldy. Täze serial diňe bir sungat söýüjiler üçin däl, eýsem taryhy şahsyýetleriň ruhy dünýäsine gyzykyanlar üçin hem ajaýyp sowgat bolar. Netflix bu taslama arkaly meksika medeniýetiniň iň ýarkyn sahypalaryny global tomaşaçylar köpçüligine ýetirmegi meýilleşdirýär. Filmde surata düşjek esasy aktyorlaryň atlarynyň ýakyn wagtda yglan edilmegine garaşylýar.
Şeýle hem okanyň


Özbegistanda latyn ýazuwyna esaslanýan özbek elipbiýiniň täzelenen we kämilleşdirilen görnüşi tassyklanyldy
Bugün 10:24Özbegistanyň Prezidenti latyn elipbiýine esaslanýan özbek ýazuwynyň täzelenen görnüşini tassyklamak hakyndaky möhüm kanuna gol çekdi. Resmi resminama 2027-nji ýylyň 22-nji aprelinde doly güýje girer. Elipbiýniň täze nusgasy 28 sany harpdan we apostrof belgiden ybarat bolup, ozalky ýazuwda giňden ulanylan käbir harp birleşmelerini aýratyn harplar bilen çalşyrmagy göz öňünde tutýar. Netijede, häzirki wagtda ulanylýan «Sh» harp birleşmesi «Ş», «Ch» — «Ç», «Oʻ» — «Ö», al «Gʻ» bolsa «Ğ» görnüşinde ýazylar, şeýle hem «Ng» birleşmesi elipbiýiň aýratyn birligi hökmünde aýrylar.
Täze kanunyň kabul edilmegi bilen baglylykda, Özbegistanyň Ministrler Kabineti ýakynda täzelenen latyn elipbiýine geçmek boýunça ýörite döwlet maksatnamasyny tassyklamalydyr. Bu maksatnama täze ýazuw düzgünleriniň ýurduň dürli pudaklarnda, şol sanda neşirýatda, maglumat ulgamlarynda we dolandyryş edaralarynda haýsy möhletlerde ornaşdyryljagyny anyk kesgitlər. Kanun güýje giren gününden başlap, ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, döwlet edaralary we resmi edaralar resminamalary täze bitewi düzgünler esasynda ýöretmäge borçly bolarlar.
Şeýle hem täze elipbiýe geçiş döwründe ýüze çykyp biljek kynçylyklaryň öňüni almak üçin ýeňillikler göz öňünde tutuldy: 2027-nji ýylyň 22-nji apreline çenli öňki elipbiýde çap edilen resminamalar, pul birlikleri we gymmatly kagyzlar öz güýjüni doly saklar. Döwlet edaralarynyň öňki nyşanlaryny, binalardaky ýazgylary we ýol görkezijilerini bolsa olar fiziki taýdan könelýänçä ýa-da hökümet maksatnamasynda görkezilen möhletlere çenli ulanmaga rugsat berler. Mundan başga-da, täze düzgünlere laýyklykda taýýarlanan mekdep okuw kitaplaryny 2031-nji ýyla çenli çap edip tamamlamak meýilleşdirilýär.