Oýun sanawy


BAE Ormuz bogazyndaky çäklendirmeler sebäpli OPEK-den çykýandygyny düşündirdi
01 Maý. 10:23Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl al-Mazraui ýurduň halkara OPEK guramasyndan çykmak baradaky taryhy kararynyň sebäplerini mälim etdi. Ministriň aýtmagyna görä, bu ädim nebit bazaryndaky üpjünçilik zynjyryna we Pars aýlagyndaky logistiki kynçylyklara, hususan-da Ormuz bogazyndaky ýagdaýlara esaslanýar. BAE strategik taýdan özüniň nebit eksportyny has erkin dolandyrmak we sebitdäki durnuksyzlyga uýgunlaşmak isleýär.
Al-Mazraui Ormuz bogazynyň ýapylmagynyň ýa-da onda döreýän islendik çäklendirmeleriň diňe bir çig nebitiň däl, eýsem taýýar nebit önümleriniň dünýä bazaryna akymyna bökdençlik döredýändigini nygtady. Şeýle şertlerde hereket etmegiň kynlaşmagy, ýurdy ozalky strategiýalardan tapawutly täze ýollary gözlemäge mejbur edýär. BAE özüniň energetika syýasatyny guramanyň umumy talaplaryndan garaşsyz amala aşyrmagy maksat edinýär.
Ministriň bellemegine görä, BAE nebit çykarylyşyny we eksportyny islenilýän derejede çalt artdyryp bilmeýär, munuň düýp sebäbi bolsa sebitdäki geosykasy ýagdaýlar we bogaz bilen bagly logistiki töwekgelçiliklerdir. Al-Mazraui dünýä bileleşiginiň ünsüni Ormuz bogazynyň gämiler üçin erkin we howpsuz bolmagynyň ähmiýetine çekdi. Çäklendirmeleriň dowam etmegi BAE-niň halkara guramalaryň çäginde däl-de, özbaşdak strategik meýilnamalar boýunça işlemegini talap edýär.
2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap, BAE OPEK we OPEK+ ylalaşyklaryndan doly çykýar. Bu karar nebit bazarynda uly özgerişliklere getirmegine garaşylýar, sebäbi emirlikler dünýäniň iň iri nebit öndürijileriniň biri hasaplanýar. Ýurt özüniň energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak we durnukly eksport ýollaryny kemala getirmek arkaly ykdysady bähbitlerini goramagy dowam etdirer.
Şeýle hem okanyň


92 ýaşynda ilkinji gezek agtykly bolan amerikan raýaty Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
24 Okt. 09:04Massaçusets ştatynyň Gardner şäherinde doglan 96 ýaşly amerikaly Normand Tusinýan 92 ýaşap, 24 gün geçenden soň ilkinji gezek baba bolup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň bu seýrek rekordy resmi taýdan awgust aýynda, ýagny ýaşulynyň 96 ýaşyny belledigi döwürde ykrar edildi. Normandyň ýeke-täk agtygy Medison 2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda dünýä indi. Gyzy Kerriniň aýtmagyna görä, agtygynyň dünýä inmegi kakasyna hakyky manysynda täzeden ýaşaýyş we egsilmez ruhi kuwwat berdi. Mundan öňki rekord 91 ýaş we 209 günlük wagtynda ilkinji gezek ata/baba bolan awstraliýaly Çarlz Smite degişlidi.
Normand 17 çagaly katolik maşgalasynda ulalyp, zähmet ýolunyň köp bölegini kliniki psiholog hökmünde geçirdi. Ol 1985-nji ýylyň Söýgüliler gününde «The Washington Post» gazetiniň redaktory Meri Luiza bilen adagly bolup, bäş ýyldan soň olaryň Kerri atly gyzy dünýä indi. Şol wagt Normand tas 60 ýaşyndady. Pensiýa çykandan soň gyzynyň terbiýesi bilen esasan özi meşgullanan Normand elmydama yaş görünýändigi we ruhy taýdan juwandyggy bilen tapawutlanypdyr.
Häzirki wagtda Normand we Meri Luiza Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlott şäherinde ýaşaýarlar. Olar maşgala agzalaryna we ýakyn garyndaşlaryna has golaý bolmak maksady bilen Wirjiniýadan bu ýere göçüp geldiler. Ginnesiň rekordlar kitabyna giren 96 ýaşly baba öz wagtyny kitap okamak, tapmaçalar çözmek hem-da söýgüli agtygy we maşgalasy bilen bile geçirmekden uly lezzet alýar.