Oýun sanawy

«The Guardian»: XX asyryň howasy indi yzyna dolanmaz

17 Iýul. 06:38

Çeşme

Beýik Britaniýanyň Meteorologik edarasynyň (Met Office) alymlary täze ylmy hasabat bilen çykyş edip, dünýäde howanyň üýtgemeginiň dolanuwsyz häsiýete eýe bolandygy we indi XX asyryň başlaryna mahsus bolan klimat şertlerini yzyna dolap bolmajakdygy baradaky netijä geldiler. Bu barada «State of the UK Climate» guramasynyň ýyllyk hasabatyna salgylanýan «The Guardian» gazeti habar berdi.

Hasabatda bellenilip geçilişi ýaly, has göz ilerlikli üýtgeşmeler Angliýanyň günorta-gündogarynda hasaba alyndy. Geçen asyryň başlary bilen deňeşdirilende, häzirki wagtda iň adatdan daşary yssy günleriň we maýyl gijeleriň sany görnetin köpeldi. Ýazgyda ýerleşdirilen maglumatlara görä, häzirki howany 1900-nji ýyllaryň klimaty bilen deňeşdirmek düýbünden mümkin däl, sebäbi şol döwrüň adaty howa şertleri eýýäm doly ýok boldy. Alymlar bu ýagdaýyň diňe bir sebit däl, eýsem ählumumy häsiýete eýedigini hem-de dünýäniň köp künjeginde geçen asyryň howa kadalarynyň möwrütiniň dolandygyny aýratyn nygtaýarlar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌