Oýun sanawy


Goňşy döwletiň orta bilim edaralarynda sanly intellektual ulgamlar synagdan geçiriler
15 Maý. 05:10Gazagystanyň döwlet Baştutany milli orta bilim ulgamynyň binýadyny döwrebaplaşdyrmak we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen täze Permana gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, ýurduň mekdeplerinde emeli aňy tapgyrlaýyn esasda ulanmak we onuň kömegi bilen okatmagyň iň täze sanly usullaryny işläp taýýarlamak boýunça giň göwrümli taslamalara badalga berler.
Tassyklanan meýilnama boýunça, ýerli hökümet ýakynda 2026–2029-njy ýyllary öz içine alýan strategiki maksatnamany taýýarlamalydyr. Bu iri taslama okuwçylaryň şahsy ukyplaryna görä uýgunlaşdyrylan sanly gurallary emele getirmegi, mekdepleriň internet we tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak bilen bir hatarda, mugallymlaryň kiber-howpsuzlyk hem-de şahsy maglumatlary goramak baradaky başarnyklaryny ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.
Innowasion taslamanyň çäklerinde halkara tejribeler, aýratyn-da, emeli aň ulgamy boýunça dünýä belli hünärmenleriň teklipleri we ylmy esaslandyrmalary işjeň ulanylar. Şunuň bilen baglylykda, tiz wagtda orta bilim edaralarynda synag taslamasyny durmuşa geçirmegiň anyk meýilnamasy hödürlener. Bu sanly başlangyç sebitlerdäki şäher we oba mekdepleriniň arasynda bilimiň hili boýunça emele gelýän tapawutlary aradan aýyrmaga gönükdirilendir.
Maksatnamanyň indiki tapgyrlarynda synag taslamasyna gatnaşýan bilim ojaklary ýokary tizlikli internet hem-de zerur bolan tehniki enjamlar bilen doly üpjün ediler. Şeýle-de, täze okuw ýylynyň başyna çenli emeli aňy bilim ulgamynda ulanmagyň ýörite döwlet standartlary tassyklanyp, mugallymlar üçin hünär ýokarlandyryş çäreleri guralar. Resmi resminamada bu tehnologiýalaryň diňe kömekçi guraldygy we onuň adaty mugallymyň ornuny tutup bilmejekdigi aýratyn bellenilýär.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.