Oýun sanawy


Dünýäniň altyn gorlarynyň umumy gymmaty 31 trillion dollara deň boldy
04 Aprel. 07:10Altyn boýunça dünýä geňeşiniň (WGC) täze hasabatyna görä, häzirki wagtda dünýäde gazylyp alnan ähli altynyň umumy bazar bahasy takmynan 31 trillion dollar möçberinde kesgitlenýär. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli adamzadyň taryhy boýunça gazylyp alnan bu gymmatbaha metalyň umumy mukdary 220 müň tonna ýetdi. Bu maglumatlar altynyň halkara maliýe ulgamynda iň ygtybarly we strategik ähmiýetli serişde bolup galýandygyny görkezýär.
Maýa goýum maksatlary üçin peýdalanylýan elýeterli altynyň gymmaty 15 trillion dollar töweregi bahalanýar. Onuň esasy bölegini, ýagny 9 trillion dollaryny hususy maýa goýum gaznalarynda saklanýan guýmalar we şaýylyklar emele getirýär. Şeýle hem dünýäniň merkezi banklarynyň ätiýaçlyk gorlarynda 5 trillion dollarlyk altyn saklanýar, galan 1,5 trillion dollar bolsa dürli maliýe gurallaryna degişlidir.
Hasabatda altynyň dünýä boýunça paýlanyşy barada hem takyk görkezijiler getirilýär. Altynyň iň uly bölegi, ýagny 44 göterimi zergärçilik önümleriniň paýyna düşýär. Ondan soňra 21 göterim bilen guýmalar we şaýylyk pullar, 18 göterim bilen bolsa döwletleriň merkezi banklarynyň ätiýaçlyk gorlary gelýär. Bu paýlanyş altynyň diňe bir baýlyk nyşany däl, eýsem döwletleriň ykdysady howpsuzlygynyň hem kepili wezipesini ýerine ýetirýändigini tassyklaýar.
Altynyň ägirt uly möçberlerine we ýokary bahasyna garamazdan, hünärmenler onuň global maýa goýum sanawlarynda heniz hem az orun tutýandygyny belleýärler. Bu bolsa geljekde durnuksyz maliýe ýagdaýlarynda altyna bolan islegiň has-da artmagyna garaşylýandygyny aňladýar. Gymmatbaha metal özüniň üýtgewsiz gymmatyny saklamak bilen, dünýä ykdysadyýetinde iň esasy "howpsuz duralga" bolmagy dowam edýär.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.