Oýun sanawy


ABŞ-da oňurga şikesli adamlar üçin deňagramlygy özbaşdak saklaýan «Eve» ekzoskeleti tassyklanyldy
20 Awgust. 17:25ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edýän müdiriýeti (FDA) «Wandercraft» kompaniýasynyň oýlap tapan «Eve» atly şahsy ekzoskeletini (daşky gaňylyny) lukmançylykda ulanmaga resmi taýdan rugsat berdi. Bu döwrebap enjam oňurga şikesi sebäpli maýyp arabasyna bagly bolan uly ýaşly adamlara niýetlenendir.
Täze enjam hassalara gözegçilik astynda binalaryň içinde we daşary meýdanda tekiz ýerlerde aýak üstünde durmaga, ýöremäge, egilmäge hem-de ellerini rahat ulanmaga mümkinçilik döredýär. Enjam maýyp arabasyny doly çalşyp bilmese-de, ulanyjynyň gündelik durmuşda özbaşdak hereket etmegini ep-esli ýeňilleşdirýär.
«Wandercraft» kompaniýasy «Eve» ekzoskeletini 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Enjam diňe lukmanlaryň degişli barlagyndan soň bellenilýär. Enjamy ulanmazdan öň ulanyjy we mähribanlary hersi 2 sagatdan ybarat bolan 5 saparlyk ýörite okuw tälimini geçmeli bolarlar. Kompaniýa döwlet («Medicare») we hususy ätiýaçlandyryş maksatnamalary arkaly 60–90 günüň dowamynda çykdajylaryň ýapylmagyna we enjamyň elýeterli bolmagyna garaşýar.
Bellenilmeli ýeri, «Eve» enjamy dünýäniň 150-den gowrak hassahanasynda üstünlikli ulanylýan «Atalante X» ekzoskeletiniň dizaýny öýde we gündelik durmuşda ulanmaga bejerilen kämil görnüşidir.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.