Oýun sanawy

Russiýanyň ykdysadyýeti 2025-nji ýylda dünýäde dördünji boldy

17 Aprel. 04:32

Çeşme

Halkara pul gaznasynyň hasabatlaryna görä, Russiýa Federasiýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça dünýäniň iň iri ykdysadyýetleriniň sanawynda dördünji ornuny ynamly saklamagy başardy. Ýurduň satyn alyş ukyby boýunça jemi içerki önümi taryhda ilkinji gezek 7 trillion dollarlyk sepgitden geçip, 7,26 trillion dollara deň boldy. Bu görkeziji 2024-nji ýylda hasaba alnan 6,97 trillion dollar bilen deňeşdirilende ep-esli ösüşiň bardygyny subut edýär.

Global ykdysady giňişlikde öňdebaryjylygy 41,2 trillion dollar möçberindäki görkeziji bilen Hytaý Halk Respublikasy eýeleýär. Ikinji orunda 30,8 trillion dollar bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary, üçünji orunda bolsa 17,3 trillion dollar jemläp, Hindistan ýerleşdi. Russiýa bu abraýly sanawda Ýaponiýa we Germaniýa ýaly senagat taýdan ösen döwletleri yzda galdyryp, özüniň strategik ornuny berkitdi.

Beýleki döwletleriň görkezijilerine seredilende, bäşinji orunda 7 trillion dollar bilen Ýaponiýa, altynjy orunda bolsa 6,2 trillion dollar bilen Germaniýa ýerleşýär. Şeýle-de dünýäniň iň kuwwatly onlugyna Indoneziýa, Braziliýa, Fransiýa we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlar girdiler. Bu maglumatlar dünýä ykdysadyýetiniň umumy düzüminiň üýtgäp durýandygyny we täze ykdysady merkezleriň kemala gelýändigini görkezýär.

Bilermenleriň analizine görä, 2025-nji ýylda ählumumy ykdysady ösüş depgini durnukly saklandy. Dünýäniň umumy jemi içerki önümi bir ýylyň dowamynda 197,8 trillion dollardan 210 trillion dollara çenli ýokarlandy. Bu görkezijiler halkara söwdasynyň we önümçilik pudaklarynyň global derejede işjeňleşýändiginiň esasy faktory hökmünde garalýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌