Oýun sanawy


Ýewropa tomusky wagta geçýär: Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin nämeler üýtgär
28 Mart. 08:582026-njy ýylyň 28-nji martyndan 29-na geçilýän gijede Ýewropanyň köp sanly ýurtlarynda sagat milleri bir sagat öňe süýşüriler. Bu möwsümleýin üýtgeşme Ýewropada tomusky wagtyň başlanandygyny aňladyp, ol ýerdäki gün tertibiniň üýtgemegine getirer. Türkmenistan wagt çalşygy ulgamyny ulanmasa-da, Ýewropa ýurtlary bilen ykdysady, medeni we şahsy gatnaşyklary saklaýan raýatlar üçin bu täzelik uly ähmiýete eýedir.
Bu geçişden soň, Aşgabat bilen Merkezi Ýewropa ýurtlarynyň (mysal üçin, Germaniýa, Fransiýa, Italiýa) arasyndaky wagt tapawudy häzirki dört sagatdan üç sagada çenli azalar. Şeýle hem, Beýik Britaniýa bilen wagt tapawudy bäş sagatdan dört sagada düşer. Bu wagt üýtgeşmesi halkara gatnawlarynyň tertibine, serhetüsti söwda amallaryna we diplomatik gatnaşyklara göni täsirini ýetirer.
Wagt tapawudynyň azalmagy Türkmenistandan Ýewropadaky wakalary yzarlaýanlar, yzly-yzyna geçirilýän onlaýn duşuşyklara gatnaşýan hünärmenler we talapalar üçin amatly bolar. Indi halkara maslahatlar, göni ýaýlymdaky sport bäsleşikleri we ýewropaly hyzmatdaşlar bilen meýilleşdirilen telefon gepleşikleri ýerli wagt boýunça bir sagat öň geçiriler. Bu bolsa işewürlik we şahsy aragatnaşyklary has netijeli gurnamaga ýardam eder.
Ýewropadaky tomusky wagt düzgüni oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesine çenli güýjünde galar. Şol wagta çenli ähli halkara awia gatnawlarynyň we sanly aragatnaşyklaryň täze wagt ölçegine laýyklykda amala aşyryljakdygyny ýatda saklamak möhümdir. Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna halkara meýilnamalaryny düzenlerinde bu bir sagatlyk tapawudy göz öňünde tutmak maslahat berilýär.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.