Oýun sanawy


Lotereýada 2 million dollar utan aýal hiç zat bolmadyk ýaly işine gitmegini dowam etdirdi
26 Sen. 11:50Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Portsmut şäheriniň ýaşaýjysy bolan bir zenan iş arakesmesi wagtynda satyn alan lotereýa petegi arkaly 2 million dollar möçberinde uly utuşyň eýesi boldy. Bu barada «People» neşirine salgylanyp, köpçülikleýin habar serişdeleri habar berýärler. Zenan iş gününden soňra ýerli «Love Food Mart» dükanyna girip petek satyn alypdyr we çalt arada özüniň iri möçberli jemgyýetçilik utuşynyň eýesi bolandygyny bilipdir.
Bu uly utuşa garamazdan, bagty çüwen zenan ertesi günü çykyp, zähmet borçlaryny adaty ýagdaýda berjaý etmegini dowam etdiripdir ham-da bu barada işdeşlerine hiç hili gürrüň bermezlik kararyna gelipdir. Ol bolup geçen waka barada gürrüň berip: «Men ertesi gün işime gelip, özümi göýä hiç zat bolmadyk ýaly alyp bardym» diýip belledi.
Maliýe şertlerine laýyklykda, utujy zenan utuşynyň bir gezeklik tölenýän bölegini saýlap aldy we salgytlardan soňra 952 müň dollar möçberinde nagty pul serişdesini kabul etdi. Habarda bellenilişi ýaly, ol gazanan serişdelerini nämä harçlajakdygy baradaky meýilnamalaryny köpçülige aýtman, gizlin galdyrmagy makul bildi.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.