Oýun sanawy

Daşkentdäki «Aşgabat» seýilgähi DÇ-2026-nyň janköýerler zolaklarynyň birine öwrüler

18 Iýun. 09:14

Çeşme

Daşkentiň Ýaşnabat etrabynda ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähi 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlary geçirilýän günlerinde Özbegistanyň milli ýygyndysynyň duşuşyklaryny köpçülikleýin tomaşa etmek üçin niýetlenen meýdançalaryň biri bolar. Janköýerler öz toparynyň çykyşlaryna uly ekranda, seýilgähiň amatly şertlerinde mugt tomaşa edip bilerler.

Şunuň ýaly meýdançalar Daşkentiň ähli etraplarynda — seýilgählerde, baglarda we jemgyýetçilik ýerlerinde guralar. Iň uly janköýerler zolagy bir wagtda 10 müň adamy kabul edip bilýän «Bunýodkor» stadiony bolar. Bu ýerde 18-nji we 23-nji iýunda geçiriljek oýunlaryň göni ýaýlymlary görkeziler.

«Aşgabat» seýilgähinden we «Bunýodkor» stadionyndan başga-da, göni ýaýlymlar şu ýerlerde guralar: «Rohat» mahallasy (Bektemir etraby), «Furkat» seýilgähi (Mirobad etraby), Central Park (Mirzo Ulugbek etraby), «Ýeňiş» seýilgähi (Almazar etraby), Merkezi alleýa (Sergeli etraby), Seoul Eco Park (Uçtepe etraby), Gafur Gulam adyndaky Dream Park (Çilanzar etraby), «Anhor-Lokomotiw» seýilgähi (Şaýhantahur etraby), Ýunusabat sport toplumy (Ýunusabat etraby), «Dostluk» seýilgähi (Ýakkasaray etraby) hem-de INDEX Park (Ýangihaýat etraby).

Toparçalaýyn tapgyrda Özbegistanyň milli ýygyndysy üç duşuşyk geçirer: 18-nji iýunda sagat 07:00-da — Kolumbiýanyň ýygyndysyna garşy, 23-nji iýunda sagat 22:00-da — Portugaliýanyň ýygyndysyna garşy, 28-nji iýunda sagat 04:30-da — Kongo Demokratik Respublikasynyň ýygyndysyna garşy oýnar. Ähli meýdançalara giriş mugtdyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌