Oýun sanawy

Gazagystanly talyplar Mars planetasyny öwrenýän ýörite rower döretdiler

18 Iýun. 10:09

Çeşme

Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri we çylşyrymly sebitleri öwrenmäge, tebigy resurslary gözlemäge hem-de GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply bolan ýörite Mars rowerini (marsohod) işläp taýýarladylar. Bu barada «Informburo» portaly habar berýär.

Taslamany döretmek pikiri birnäçe ýyl mundan ozal, talyp gyz Egine Agajanýan öz pikirdeşleri bilen bilelikde Mars rowerini taýýarlaýan inženerçilik toparyny döretmek kararyna gelende ýüze çykypdy. Enjamyň ilkinji synag nusgasy birnäçe aýyň dowamynda gurnaldy we wagtyň geçmegi bilen yzygiderli kämilleşdirildi.

Bu inženerçilik taslamasy halkara derejede uly ykrar edilmelere mynasyp boldy. Ýaşlaryň topary «Australian Rover Challenge» bäsleşiginiň iň gowy 17 gatnaşyjysynyň we «Canadian International Rover Challenge» bäsleşiginiň iň gowy 18-liginiň hataryna girmegi başardy. Şunlukda, olar Merkezi Aziýa sebitinden şeýle ýokary derejeli halkara ýaryşlara gatnaşan ilkinji topar hökmünde taryha girdiler. Taslama «Kazsink» kompaniýasy tarapyndan maddy taýdan goldanyldy. Häzirki wagtda talyplar Mars roweriniň has-da kämilleşdirilen täze nesliniň üstünde işleýärler we dünýäniň öňdebaryjy tehniki ýokary okuw mekdeplerini bir ýere jemleýän Awstraliýadaky nobatdaky inženerçilik bäsleşigine gatnaşmaga taýýarlyk görýärler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌