Oýun sanawy

Hindistan: durnukly ösüş we demokratik ösüş ýolunda

25 Ýan. 16:42

Çeşme

26-njy ýanwarda Hindistan Respublikasy döwletçilik taryhynda möhüm orny eýeleýän — Respublika gününiň 76 ýyllygyny bellär. Hut şu gün, 1950-nji ýylda Hindistanyň Konstitusiýasy güýje girip, ýurt özüni garaşsyz, demokratik we respublikan döwlet hökmünde yglan etdi.

 

Soňky onýyllyklaryň dowamynda Hindistan uly ösüş ýolundan geçdi. Häzirki wagtda ýurt dünýäniň dördünji iň uly ykdysadyýetine öwrülip, iri ykdysadyýetleriň arasynda iň çalt ösýän döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Bu ösüş durnukly ykdysady syýasat, tehnologik ösüş we institusional berklik bilen üpjün edilýär.

 

2024-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlary Hindistanyň demokratik ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Saýlawlara 640 milliondan gowrak raýat gatnaşyp, bu giň gerimli demokratik proses dünýäde demokratiýanyň berkligini görkezdi.

 

Hindistan häzirki wagtda innowasiýa we telekeçilik ulgamynda hem öňdebaryjy orun eýeleýär. Ýurtda dünýäde üçünji iň uly startap ekosistemasy emele geldi. Şeýle hem Hindistan maglumat tehnologiýalary, real wagtlaýyn sanly tölegler, derman senagaty, saglygy goraýyş we gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamlarynda dünýä liderleriniň hatarynda durýar.

 

Kosmos pudagynda gazanylan üstünlikler hem aýratyn bellärliklidir. Iki hindi hemrasynyň üstünlikli birleşdirilmegi, «Aditya L1» Gün obserwatoriýasynyň galo-orbitasyna çykarylmagy we «Çandraýan-3» missiýasynyň Aýyň Günorta poluna golaý ýerde üstünlikli gonmagy Hindistanyň kosmos döwletleri hataryndaky ornuny has-da berkitdi.

 

Premýer-ministri Hormatly Narendra Modiniň ýolbaşçylygynda Hindistan «Wikşit Bharat» («Ösen Hindistan») konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu strategiýa 2047-nji ýyla — Hindistanyň Garaşsyzlygynyň 100 ýyllygyna çenli ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşini maksat edinýär.

 

«Giňeldilen goňşuçylyk» syýasatynyň çäginde we «Wasudhaýwa Kutumbakam» («Älem — bir maşgala») diýen gadymy hindi filosofiýasyna eýerip, Hindistan dostlukly döwletler bilen, şol sanda Türkmenistan bilen, ösüş boýunça tejribelerini paýlaşmagy dowam etdirýär.

 

Özara hormat goýmak we ynam esasynda ösdürilýän hindi-türkmen gatnaşyklary geljekde has-da giň mümkinçiliklere eýedir. Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedow we Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi tarapyndan alnyp barylýan paýhasly syýasatyň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykmagyna garaşylýar.

 

Respublika güni — Hindistan üçin döwletçilik, demokratiýa we halkara hyzmatdaşlygyň nyşany bolup, halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmegiň hem möhüm pursadydyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌