Oýun sanawy

Gün ýüzünden ägirt uly plazma sütüni aýryldy

22 Noý. 08:50

Çeşme

Gün ýüzünden, diametri Ýeriňkiden takmynan 80 esse uly bolan ululykdaky ägirt bir protuberans aýryldy. Bu barada RAN-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasy arkaly RIA Nowosti habar berdi.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, “şazadanyň protuberansy” diýip at berlen bu plazma gurluşy 20-nji noýabr gijesi emele gelipdir. Gün üstünden bölünip çykanda onuň uzynlygy bir million kilometreden hem geçipdir.

Alymlar bu äpet hereketi döredýän çynlakaý güneş prosesleriniň Günüň ýerden görünmeýän tarapynda ýerleşýändigini çaklaýarlar. Şeýle hem olar, şol ýerden diňe üç gün öň-de başga bir iri plazma buludynyň zyňylyp çykandygyny belleýärler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌