Oýun sanawy

Afrikada maýmynlaryň täze görnüşi tapyldy

17 Iýul. 10:26

Çeşme

Kongo Demokratik Respublikasynyň iň barmasy kyn sebitlerinde alymlar ýüzi nikaply täze bir maýmyn görnüşini ýüze çykardylar. «PLOS One» ylmy žurnalynyň habar bermegine görä, bu täze görnüşe «Colobus Congoensis» diýlip at berildi. Bu açyş soňky 75 ýylyň dowamynda tutuş Afrika materiginde hasaba alnan bary-ýogy bäşinji täze maýmyn görnüşidir, şonuň üçin hem ol ylym dünýäsinde örän seýrek waka hasaplanýar.

Bu maýmynlary tapmak üçin ylmy ekspedisiýanyň agzalary ilki uçarda, soňra motosiklde, birnäçe günläp pyýada we gaýyklarda gür jöngellikleriň jümmüşine tarap çynlakaý ýol sökmeli boldular. Hünärmenleriň ünsüni aýratyn çeken zat bolsa, bu jandaryň özboluşly daşky keşbidir. Maýmynyň agzynyň töweregini we burnunyň aşagyny gurşap alýan ak reňkli derisi oňa edil nikap geýen ýaly görnüş berýär we ony beýleki afrikan maýmynlaryndan düýpli tapawutlandyrýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌