Oýun sanawy


Indoneziýada pajygaly ýol heläkçiligi: Onlarça adam ýangynyň gurbany boldy
08 Maý. 13:04Indoneziýanyň Günorta Sumatra ülkesinde ýolagçy awtobusy bilen ýangyç daşaýan serişdesiniň çaknyşmagy netijesinde azyndan 16 adam wepat boldy. Waka Transsumatra gara ýolunda, takmynan 20 ýolagçysy bolan awtobusyň garşysyndan gelýän benzin daşaýjy ulag bilen ýüzbe-ýüz urulmagy sebäpli ýüze çykdy. Çaknyşygyň yzy bilen dörän güýçli ýangyn ulaglaryň ikisini hem gysga wagtyň içinde gurşap aldy we adamlaryň halas bolmaga pursady galmady.
Heläkçiligiň sebäpleri baradaky ilkinji maglumatlara görä, awtobusda heniz çaknyşyk bolmazdan ozal tehniki näsazlygyň alamatlary, hususan-da uçgunlar görnüp başlapdyr. Ulagyň sürüjisi howpy duýup, awtobusy ýoluň gyrasyna çykarmaga synanyşanda, garşy tarapdan gelýän ýangyç daşaýan ulag bilen kaklyşypdyr. Bu elhenç hadysada iki ulagyň hem sürüjileri we kömekçileri wakanyň bolan ýerinde jan berdiler.
Ýangynyň örän güýçli bolmagy sebäpli, awtobusyň içinde galan ýolagçylaryň köpüsi diri ýanyp pida boldular. Diňe dört adama heläkçilikli zonadan çykmak başardypdyr, häzirki wagtda olar agyr ýagdaýda hassahanada lukmanlaryň gözegçiliginde saklanýarlar. Halas ediş gulluklarynyň wekilleri pida bolanlaryň jesetleriniň tanalmaz derejede zeperlenendigini we olaryň şahsyýetini anyklamak işleriniň dowam edýändigini habar berdiler.
Indoneziýanyň häkimiýetleri bu waka boýunça giňişleýin derňew işlerini gozgadylar. Ýörite toparyň hünärmenleri awtobusyň tehniki ýagdaýyny we ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilişini öwrenýärler. Bu pajygaly waka ýurduň gara ýollarynda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi we köne ulag serişdeleriniň ulanylyşyna gözegçiligiň artdyrylmagy baradaky meseleleri ýene-de bir gezek gün tertibine getirdi.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.