Oýun sanawy


Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň rezidensiýasynda metbugat ýygnagy geçirildi
28 Ýan. 09:062026-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň rezidensiýasynda metbugat wekilleri bilen duşuşyk — metbugat konferensiýasy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi türkmen metbugatynyň wekilleriniň soraglaryna jogap berdi hem-de soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada giňişleýin çykyş etdi.
Ilçi öz çykyşynda 2025-nji ýylyň Türkiýe–Türkmenistan gatnaşyklary üçin aýratyn manyly we işjeň ýyl bolandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady, energetika, ulag, bilim we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk täze derejä çykdy.
Ýokary derejeli saparlar we syýasy dialog
Ilçi 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan halkara çäreleriň iki ýurduň gatnaşyklarynda möhüm orun eýeländigini aýtdy. Bu çäreleriň ählisine diýen ýaly Türkiýeden ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagy strategiki hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasy boldy.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak” atly halkara forumyna gatnaşmagy bolsa, ýokary derejeli syýasy dialogyň iň ýokary derejesi hökmünde aýratyn nygtaldy. Ilçi Prezident Erdoganyň çykyşynda Magtymguly Pyragynyň setirlerine ýüzlenmeginiň çuňňur many berendigini aýtdy.
Şeýle hem, Türkiýe tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna halkara derejesinde berilýän üýtgewsiz goldaw aýratyn bellenildi.
Söwda, ykdysadyýet we maýa goýumlary
Metbugat ýygnagynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Ilçiniň bellemegine görä, 2025-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy takmynan 2 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Geljekde bu görkezijini 5 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak maksady öňde goýulýar.
Türk kompaniýalarynyň Türkmenistanyň garaşsyzlygyny alany bäri 54 milliard dollardan gowrak möçberde 1000-den gowrak taslamany üstünlikli durmuşa geçirendigi bellenildi. Häzirki wagtda hem umumy bahasy 10 milliard dollara golaý bolan täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna garaşylýar.
Energetika hyzmatdaşlygy
Energetika hyzmatdaşlygy çykyşda aýratyn orun eýeledi. Ilçi BOTAŞ bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda gol çekilen şertnama esasynda türkmen tebigy gazynyň Eýranyň üsti bilen swap görnüşinde Türkiýä iberilip başlanandygyny taryhy ädim hökmünde häsiýetlendirdi.
Şeýle-de, geljekde Hazarüsti gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmeginiň diňe bir iki ýurt üçin däl, eýsem tutuş sebit we Ýewropa bazary üçin möhüm mümkinçilikleri açjakdygy nygtaldy.
Medeniýet, bilim we ynsanperwer hyzmatdaşlyk
Ilçi medeniýet we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň iki doganlyk halky birleşdirýän esasy köprüleriň biridigini aýtdy. 2025-nji ýylda Türkiýe tarapyndan türkmen raýatlaryna 120 müň töweregi wiza berlendigi, 2025–2026-njy okuw ýylynda bolsa Türkiýede takmynan 40 müň türkmen talybyň bilim alýandygy bellenildi.
Şeýle-de, Aşgabatda Ýunus Emre adyndaky Türk medeniýet merkezini açmak boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy habar berildi.
Çykyşynyň ahyrynda Ilçi Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň we Aragatnaşyk geňeşliginiň türkmen metbugaty bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny belläp, duşuşygy sorag-jogap bölümi bilen dowam etdirmäge çagyrdy.
Şeýle hem okanyň


Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçisi türkmen metbugat wekilleri bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy
24 Okt. 13:042026-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Şener Jebeji Ilçihananyň resmi rezidensiýasynda türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen tanyşlyk ertirlik naharyny gurady. Duşuşyk dostlukly we işjeň ýagdaýda geçirilip, iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer baglanyşyklary hem-de syýahatçylyk ugry boýunça gazanylan sepgitleri jemlemäge we täze bilelikdäki taslamalary maslahatlaşmaga giň mümkinçilik döretdi.
Dostlukly duşuşygyň dowamynda Ilçi Şener Jebeji metbugatyň ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky köprüleri berkidýän hem-de dostlukly gatnaşyklary geljege ugrukdyrýan iň güýçli sütünleriň biridigini aýratyn belledi. Şol bir wagtda ol TRT-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleriniň we «TRT Awaz» teleýaýlymynyň bütin türki dünýäsine ugrukdyrylan alyp berişleriniň bu ugurda nusgaly mysaldygyny nygtady. Ilçi Türkmenistanyň döwlet we hususy habar beriş serişdeleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmäge açykdyklaryny beýan etdi.
Duşuşykda soňky döwürde Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Türkiýe Respublikasynda guralan netijeli saparlar we kabul ediş maksatnamalary barada giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabry – 4-nji oktýabry aralygynda Türkiýäni Ösdürmek Agentligi (TGA) tarapyndan Gaziantepde we Şanlyurfada türkmenistanly iki žurnalist kabul edildi. Olar 30-njy sentýabr – 4-nji oktýabr aralygynda Şanlyurfa howa menzilinde geçirilen «TEKNOFEST» awiasiýa, kosmos we tehnologiýalar halkara festiwalynyň çärelerine ýakyndan gatnaşdylar.
Mundan başga-da, TGA hem-de «Türk howa ýollary» (THY) kompaniýasynyň Aşgabat wekilhanasynyň hyzmatdaşlygynda, Türkiýäniň Ilçihanasynyň goldamagynda 2026-njy ýylyň 10–14-nji oktýabry aralygynda 11 adamdan ibarat türkmen wekiliýeti (10 metbugat wekili we ýerli işgär) Çanakkale we Balykesir welaýatlaryna sapar etdi. Žurnalistler saparyň çäklerinde Zeýtun ýagy muzeýinde, Kaz daglarynda, Assos hem-da Troýa gadymy şäherlerinde, Troýa muzeýinde, Gelibolu taryhy zolagynda we Çanakkala şehitleriniň ýadygärliginde bolup, sebitiň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdylar. Umumylykda, 2023–2026-njy ýyllarda geçirilen 14 sany kabul ediş maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan jemi 84 adam Türkiýäniň dürli sebitlerinde myhmançylykda boldy.
Iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk ugry bоýunça görkezijiler hem çalt depginler bilen artýar. Maglumatlara görä, 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Türkmenistandan Türkiýä gelen myhmanlaryň sany 151 887 adama ýetip, bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,46 göterim artdy. Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy hem global derejede uly üstünlikleri gazanýar: 2017-nji ýylda dünýäde iň köp syýahatçy kabul eden ýurtlaryň arasynda 8-nji orunda duran Türkiýe 2024-nji ýylda 4-nji orna geçdi. Ýurt 2025-nji ýylda 64 million myhmany kabul edip, 65,2 milliard dollar girdeji bilen rekord goýan bolsa, 2026-njy ýylda 68 milliard dollar girdejä ýetmegi maksat edinýär.
Duşuşygyň soňunda Ilçi Şener Jebeji bu tanyşlyk ertirlik naharynyň geçirilen saparlary jemlemek we geljekde bilelikde ädilip bilinjek täze ädimleri maslahatlaşmak üçin örän gymmatly mümkinçilik bolandygyny tassyklady. Ol Ilçihananyň metbugat wekillerinden gelip gowuşjak ähli hyzmatdaşlyk tekliplerini seljermäge taýýardygyy hem-da bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakdan razy boljakdygyny bilidirdi.
Şeýle hem diplomatik wekilçiligiň ýolbaşçysy Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary täze ýokary derejä çykarjak möhüm ýokary derejeli sammitlere we ýubileý çärelerine yzygiderli taýýarlyk görülýändigini belledi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň berk syýasy erk-islegine daýanyp, Ilçihana ikitaraplaýyn birleşikde we iki doganlyk halkyň bähbidine hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek ugrundaky işlerini durnukly dowam etdirer.
Şeýle hem okanyň