Oýun sanawy


Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde geçirilen iri halkara agyr atletika ýaryşlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary ýokary netijeleri görkezip, jemi 21 medal gazandy. Türkmen türgenleri 7 altyn, 7 kümüş we 7 bürünç medal bilen çykyş edip, Türkmenistan sportynyň halkara derejesindäki abraýyny nobatdaky gezek tassyklady.
Bu giň gerimli ýaryşlar 2025-nji ýylyň 10-njy Katar halkara kubogyny, ýetginjekleriň, ýaşlaryň we ulularyň arasynda geçirilen Arap çempionatyny hem-de Günbatar Aziýa çempionatyny öz içine aldy. Bäsleşiklere 28 ýurtdan 240-dan gowrak türgen gatnaşdy. Şeýle köp sanly gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň agyr atletikaçylarynyň tapawutlanmagy uly üstünlik boldy.
Ýaryşlarda ýaş türgen Ogulşat Amanowa 53 kilogram agram derejesinde çykyş edip, üç görnüş boýunça üstünlik gazandy. Ol silterläp götermekde 77 kilogram, itekläp götermekde 93 kilogram we umumylykda 170 kilogram görkeziji bilen üç bürünç medal gazanyp, Türkmenistan üçin medal gaznasyny artdyrdy.
71 kilogram agram derejesinde çykyş eden tejribeli türgen Bunýad Raşidow iki altyn we bir kümüş medal bilen tapawutlandy. Ol silterläp götermekde 145 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça 314 kilogram netijeleri bilen öňe saýlandy, itekläp götermekde bolsa 169 kilogram netije bilen kümüş medala eýe boldy.
58 kilogram agram derejesinde Zybagül Söýmüşowa silterläp götermekde 78 kilogram görkeziji bilen bürünç medal gazandy. 79 kilogramda çykyş eden Gaýgysyz Töräýew itekläp götermekde 190 kilogram bilen kümüş, umumylykda 330 kilogram netijesi bilen bürünç medal aldy. Medine Amanowa bolsa 63 kilogram agram derejesinde üç görnüş boýunça hem kümüş medallara mynasyp boldy.
94 kilogramda çykyş eden Rüstem Annaberdiýew silterläp götermekde we umumylykda kümüş medallary gazandy, şol agram derejesinde çykyş eden Resul Rejepow silterläp götermekde bürünç medal bilen sylaglandy.
Ýaryşyň iň parlak çykyşlaryndan biri 86 kilogram agram derejesinde çykyş eden Anamjan Rustamowa degişlidir. Ol üç görnüş boýunça hem ýeňiji bolup, üç altyn medal gazandy. Şeýle hem 110 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Dawranbek Hasanbaýew iki altyn we bir bürünç medal bilen Türkmenistanyň umumy üstünliklerine uly goşant goşdy.
Bu netijeler Türkmenistanyň agyr atletika mekdebiniň yzygiderli ösüşde ekanini we türkmen türgenleriniň halkara arenada ýokary taýýarlyk derejesine eýedigini görkezýär.
Şeýle hem okanyň


Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy
24 Okt. 10:17«Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi, meşhur argentinaly futbolçy Lionel Messi dünýä sportuny ösdürmäge goşan göz-görtele goşandy üçin Ispaniýanyň halkara derejesindäki abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragy bilen sylaglandy. Baýragy gowşurmak dabarasy Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki taryhy «Kampoamor» teatrynda uly danyşyklylyk bilen geçirildi. Bu barada sylaglaýjy gaznanyň resmi internet saýtynda habar berilýär.
Asturiýa şa gyzynyň halkara baýragy 1980-nji ýyldan bäri dünýä boýunça dürli ugurlarda, şol sanda sportda uly üstünlik gazanan görnükli şahsyýetlere gowşurylyp gelinýär. Sport kategoriýasy boýunça bu derejeli baýraga ozal meşhur tennisçi Serena Wilýams, ispan futbolçylary Iker Kasilýas we Hawi, şeýle hem Braziliýanyň hem-da Ispaniýanyň milli ýygyndylary mynasyp bolupdylar.
Häzirki wagtda 39 ýaşly Messi Amerikan Ligasynda (MLS) «Inter Maýami» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Öz oýunçylyk karýerasynda «Barselona» we «Pari Sen-Žermen» ýaly öňdebaryjy klublarda oýnan Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany 2022-nji ýylda Dünýä çempiony boldy ham-da karýerasynda jemi 48 sany resmi kubok we kubok titullaryny utup, futbol taryhynda iň köp titully oýunçy hökmünde öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.
Şeýle hem okanyň