Oýun sanawy

Aşgabatda BMG-nyň Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek boýunça seminar başlandy

23 Okt. 10:52

Çeşme

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda 23–24-nji oktýabr aralygynda ýurt sebitlerinde BMG-nyň Durnukly Ösüş Maksatlaryny (DÖM) ýerli derejede durmuşa geçirmek meselelerine bagyşlanan iki günlük okuw-seminar öz işine başlady. Çäre BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy (PÖM) bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilelikdäki “Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin platforma, III tapgyry” atly taslamasynyň çäklerinde geçirilýär.

Seminara Türkmenistanyň Mejlisiniň, dürli ministrlikleriň we edara-kärhanalaryň, Aşgabat, Arkadag we Ahal welaýat häkimlikleriniň, ylmy jemgyýetçiliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hususy pudagyň wekilleri hem-de DÖM-iň ýaş ilçileri gatnaşýarlar. Çäräniň esasy maksady – milli mümkinçilikleri berkitmek we Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerli derejede amala aşyrylmagy baradaky düşünjäni giňeltmekdir.

Seminar gatnaşyjylary DÖM-iň ýerli derejede ornaşdyrylmagynyň netijeli tejribeleri, öňdebaryjy usullary we metodologik çemeleşmeleri bilen tanyşýarlar. Şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde DÖM-iň durmuşa geçirilişiniň ösüşini yzarlamak üçin görkeziji sanawyny taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berilýär.

BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň halkara eksperti Baky tgül Hambar öz çykyşynda Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerli derejede durmuşa geçirmegiň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini üstünlikli amala aşyrmak üçin aýratyn ähmiýetlidigini belledi. Onuň bellemegine görä, maksatlaryň ýerli şertlere uýgunlaşdyrylmagy sebit derejesinde ösüşiň ýagdaýyny seljerip, netijeliligi we jogapkärçiligi üpjün edýän ygtybarly gözegçilik ulgamyny döretmekde möhüm orny eýeleýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌