Oýun sanawy


Noýabryň 21-ine, Medeniýet ministrliginiň şekillendiriş sungaty sergi merkezinde «Abstraksiýanyň dünýesi» diýen täze döredijilik sergisi açyldy. Çäräni Turkmenistanyň Suratkeşler birleşigi gurnady.
Sergide 150-den gowrak eser — ýagny şekillendiriş işler, heýkeller hem-de amaly-bezek sungatynyň nusgalary görkezilýär. Abstrakt ugurda işlän tejribeli sungat ussatlary hem, ýaş zehinler hem öz döredijiligini hödürlediler.
Myhmanlar Güljahan Orazmammedowanyň, Rustam Abdullaýewiň, Taçjemal Gylyçdurdyýewiň, Çarymyrat Ýazmyradowyň, Mammet Wepaýewiň, Annageldi Mammetnuronyň we beýleki döredijilik ädimlerini synlap bilerler. Eserler 2011–2025 ýyllaryň aralygynda döredilip, dürli usullaryň we garaýyşlaryň baýlygyny görkezýär.
Guramaçylaryň bellemegine görä, görkezilen işler reňkleriň dürli-dürli sazlaşygy we milli nagyşlaryň ornaşdyrylyşy bilen tapawutlanýar, bu bolsa türkmen şekillendiriş sungatynda däpleriň dowam edýändigini görkezýär.
«Abstraksiýanyň dünýesi» atly sergi on günläp dowam eder.
Şeýle hem okanyň


Öte gyzgyn çaý we kofe içmek gyzylödek düwnüginiň ýüze çykmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýar
Bugün 09:10Oksford uniwersitetiniň alymlarynyň 14 ýylyň dowamynda 1 milliona golaý adamyň maglumatlaryny seljerip geçiren barlaglaryna görä, örän gyzgyn çaýy we kofäni yzygiderli içmek gyzylödek düwnüginiň döremek töwekgelçiligini üç esse ýokarlandyryp biler. Düwnük keselini öwrenmek boýunça halkara agentligi tarapyndan 65℃ we ondan hem ýokary bolan içgiler örän gyzgyn diýlip klassifikasiýa edilýär. Günde alty we ondan köp çüýşeli şeýle içgileri kabul etmek gyzylödegiň tekiz öýjükli karsinomasynyň ýüze çykmak ähtimallygyny ep-esli artdyrýar.
Barlagyň awtorlarynyň biri, iýmit epidemiologiýasy boýunça hünärmen Keren Papýe adamlaryň köplenç içgileri 50–60°C temperaturada içýändigini we içgini içmek oňaýsyzlyk döredýän bolsa, onuň biraz sowamagyna garaşmalydygyny maslahat berýär. Şeýle hem ol gyzgyn içgilerden başga-da çilim çekmegiň, alkogol kabul etmegiň we semizligiň gyzylödek düwnüginiň esasy töwekgelçilik faktorlary bolmagynda galýandygyny ýatlatdy.
Şeýle hem okanyň