Oýun sanawy

«Sanly çözgüt–2025» bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady

27 Okt. 08:59

Çeşme

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan IT-tehnologiýalary, emeli aňy we robot tehnikasyny ösdürmäge gönükdirilen innowasion taslamalaryň bäsleşigi — «Sanly çözgüt–2025» boýunça saýlama tapgyr badalga aldy.

Bäsleşik aşakdaky ýedi ugur boýunça guralýar:

  • emeli aň;

  • robot tehnikasy we awtomatlaşdyrma;

  • “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary;

  • akylly şäher konsepsiýalary;

  • sanly saglygy goraýyş;

  • elektron bilim;

  • hyzmatlar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy.

Toparlaryň işleri döwrebaplyk, innowasion derejesi, ykdysady täsirli bolmagy, ulanmakdaky amatlylyk, dizaýnyň hil derejesi, kanunçylyga laýyklyk, pikiriniň özboluşlylygy we programma üpjünçiliginiň başlangyç kodunyň bolmagy ýaly ölçegler boýunça seljerilýär.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 2025-nji ýylyň 12–14-nji noýabry aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek «Turkmentel–2025» halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatynyň çäklerinde geçiriler.

Guramaçylar belleýändiklerine görä, bu bäsleşik diňe bir täze sanly çözgütleri ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, başlangyç taslamalary (startaplary) durmuşa geçirmäge we innowasiýalary ykdysadyýetde hem jemgyýetçilik ulgamynda ornaşdyrmaga ýardam edýär. Iň üstünlikli taslamalar goldaw tapar, bu bolsa ýurdumyzyň sanly ulgamyny ösdürmekde we täze IT hünärmenlerini taýýarlamakda möhüm orny eýeleýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌