Oýun sanawy

Türkmenistanyň iňlis dili mugallymlary üçin halkara derejeli hünär ýokarlandyryş okuwlary guraldy

05 Aprel. 13:01

Çeşme

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň umumybilim berýän mekdepleriniň iňlis dili mugallymlary üçin INSETT ulgamy boýunça hünär ýokarlandyryş okuwlary başlandy. Bu okuwlar Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagyň hilini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan AELLCA bilim taslamasynyň bir bölegidir. Taslama Britaniýanyň Geňeşiniň goldawy we Beýik Britaniýanyň Norwiç dilleri öwreniş instituty (NILE) bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär.

Jemi 50 okuw sagadyna niýetlenen bu maksatnama iňlis dilini okatmagyň häzirki zaman usullaryny we täzeçil çemeleşmelerini çuňňur özleşdirmäge gönükdirilendir. Okuw meýilnamalary we usulyýet gollanmalary Britaniýanyň Geňeşi hem-de NILE instituty tarapyndan ýörite taýýarlanyldy. Okuwlaryň esasy maksady täze öwrenilen halkara tejribesini Türkmenistanyň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Okuw kursuny üstünlikli tamamlan mugallymlara Britaniýanyň Geňeşi, NILE instituty we D. Azady adyndaky TMDDI tarapyndan bilelikde tassyklanan halkara nusgadaky şahadatnamalar gowşurylar. Bu çäre ýurtda daşary dilleri okatmagyň derejesini dünýä standartlaryna laýyk getirmek we mugallymlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek ugrunda ädilen möhüm ädimdir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

92 ýaşynda ilkinji gezek agtykly bolan amerikan raýaty Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

24 Okt. 09:04

Çeşme

Massaçusets ştatynyň Gardner şäherinde doglan 96 ýaşly amerikaly Normand Tusinýan 92 ýaşap, 24 gün geçenden soň ilkinji gezek baba bolup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň bu seýrek rekordy resmi taýdan awgust aýynda, ýagny ýaşulynyň 96 ýaşyny belledigi döwürde ykrar edildi. Normandyň ýeke-täk agtygy Medison 2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda dünýä indi. Gyzy Kerriniň aýtmagyna görä, agtygynyň dünýä inmegi kakasyna hakyky manysynda täzeden ýaşaýyş we egsilmez ruhi kuwwat berdi. Mundan öňki rekord 91 ýaş we 209 günlük wagtynda ilkinji gezek ata/baba bolan awstraliýaly Çarlz Smite degişlidi.

Normand 17 çagaly katolik maşgalasynda ulalyp, zähmet ýolunyň köp bölegini kliniki psiholog hökmünde geçirdi. Ol 1985-nji ýylyň Söýgüliler gününde «The Washington Post» gazetiniň redaktory Meri Luiza bilen adagly bolup, bäş ýyldan soň olaryň Kerri atly gyzy dünýä indi. Şol wagt Normand tas 60 ýaşyndady. Pensiýa çykandan soň gyzynyň terbiýesi bilen esasan özi meşgullanan Normand elmydama yaş görünýändigi we ruhy taýdan juwandyggy bilen tapawutlanypdyr.

Häzirki wagtda Normand we Meri Luiza Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlott şäherinde ýaşaýarlar. Olar maşgala agzalaryna we ýakyn garyndaşlaryna has golaý bolmak maksady bilen Wirjiniýadan bu ýere göçüp geldiler. Ginnesiň rekordlar kitabyna giren 96 ýaşly baba öz wagtyny kitap okamak, tapmaçalar çözmek hem-da söýgüli agtygy we maşgalasy bilen bile geçirmekden uly lezzet alýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌