Oýun sanawy


Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk täze basgançaga çykýar
11 Maý. 15:25Şu gün Ýaponiýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň wekiliýeti bilen Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň ýolbaşçysy Nobuo Harunanyň arasynda möhüm gepleşikler geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramow hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N. Şyhlyýew gatnaşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki döwletiň ylym-bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegine ýokary baha berdiler.
Gepleşikleriň esasy mowzugy talyplaryň we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmekden ybarat boldy. Hususan-da, daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak we bilelikdäki okuw meýilnamalaryny taýýarlamak barada pikir alyşyldy. Bu başlangyçlar iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy gatnaşyklary has-da berkitmäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň dowamynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) mümkinçiliklerinden peýdalanmak meselesine aýratyn üns berildi. Bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmekde we öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmakda bu guramanyň goldawynyň ähmiýeti nygtaldy. Taraplar halkara tejribesiniň bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine goşjak goşandyny belläp geçdiler.
Gepleşikleriň jemleýji böleginde ynsanperwer we medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de rowaçlanjakdygy barada ynam bildirildi. Türkmen-ýapon bilim hyzmatdaşlygy diňe bir hünärmen taýýarlamak bilen çäklenmän, eýsem iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine hem hyzmat edýär. Taraplar gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin yzygiderli gatnaşyklary saklamaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.