Oýun sanawy


Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, geljekki onýyllyklarda howanyň gyzyşmagy dowam etse, Antarktika sebitindäki buz gatlaklarynyň bäşden bir bölegi asyryň ahyryna çenli ýok bolup biler. Halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglary Günorta polýusyndaky buzluklaryň eremeginiň dünýä ummanlarynyň derejesini çalt depginler bilen ýokarlandyrjakdygyny görkezýär. Bu ýagdaý diňe bir suw derejesine däl, eýsem umman suwlarynyň reňkiniň üýtgemegine we ýylylygy has köp saklamagyna sebäp bolup, ählumumy maýlamanyň has-da güýçlenmegine getirer.
Ekologiýa taýdan durnuksyzlygyň artmagy netijesinde, diňe bir buzluklar däl, eýsem şol ýerdäki janly-jandarlaryň ýaşaýyş gurşawy hem uly howp astyna düşer. Alymlar bu sebitdäki üýtgeşmeleriň dünýäniň dürli künjeklerinde tebigy betbagtçylyklaryň ýygjamlaşmagyna itergi berjekdigini duýdurýarlar. Hususan-da, asyryň ahyryna çenli deňiz derejesiniň ep-esli ýokarlanmagy kenarýaka sebitleriň infrastrukturasyna we ösümlik-haýwanat dünýäsine öwezi dolup bolmajak zeper ýetirip biler.
Häzirki wagtda adamzadyň parnik gazlaryny çykaryş depgini ýokary bolmagynda galýar, emma hünärmenler heniz hem giç däldigini belleýärler. Zyňyndylaryň möçberiniň azaldylmagy tebigatyň garaşylýan iň agyr zarbalaryny ýumşatmaga we ekoulgamlary gorap saklamaga mümkinçilik berer. Bu bolsa geljekki nesilleriň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ädim bolar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.
Şeýle hem okanyň