Oýun sanawy


Stambulda düzgüni bozýan taksi sürüjilerini anyklamak üçin dronlar kömege geldi
24 Iýun. 06:58Türkiýäniň iň uly şäheri bolan Stambulda ýerli häkimiýetler şäher merkezinde hyzmat edýän taksi sürüjileriniň işine we ýol hereketiniň düzgünlerine berk gözegçilik etmek maksady bilen drony ulanmaga başladylar. Stambulyň taksiçiler palatasynyň resmi wekilleriniň habar bermegine görä, bu uçýan enjamlar ýolagçylardan, aýratyn hem daşary ýurtly syýahatçylardan iň köp şikaýat gelip gowuşýan künjeklerde we meşhur duralgalarda işledilýär.
Ýerli we halkara syýahatçylar köplenç taksi sürüjileriniň gysga aralyklara gitmekden ýüz öwürýändiklerinden ýa-da ulaglardaky ýörite taksomertleri (hasaplaýjylary) açman, gidirjek ýerlerine aşa ýokary nyrh soraýandyklaryndan şikaýat edýärler. Häzirki wagtda howadan gözegçilik edýän dronlar şeýle bikanun hereketleri we ýol düzgünleriniň bozulmalaryny wideoşekille we surata düşürip, düzgün bozýan sürüjileriň awtoulag belgilerini takyk bellige alýarlar we olara garşy jerime çäreleriniň görülmegini üpjün edýärler.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.