Oýun sanawy


Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň düzüminde Hindistana guraljak täsin gezelenç üçin dalaşgärleri saýlap alýar. 24-nji mart – 2-nji aprel aralygynda geçiriljek bu sapara okuwda we hünärde tapawutlanan 15–29 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp bilerler. Maksatnamanyň ähli çykdajylary (awiapetekler, ýaşajak ýeri, iýmit we ulag) guraýjylar tarapyndan doly üpjün edilýär.
Gyzyklanma bildirýän ýaşlar öz rezýumelerini we pasport nusgalaryny 5-nji mart sagat 23:59-a çenli com.ashgabat@mea.gov.in elektron salgysyna ibermelidirler. Bu başlangyç 2022-nji ýylda geçirilen «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň çäklerinde kabul edilip, ýaş nesilleriň arasynda medeni we diplomatik gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň