Oýun sanawy


Daşoguz welaýatynda ýüpekçilik möwsümine taýýarlyk: Türkmenistanda senagat üçin möhüm tapgyr
24 Ýan. 09:49Ýüpek gurçugyny idetmegiň esasy döwri ýaz paslynda başlanýandygyna garamazdan, Daşoguz welaýatynda bu ugurda işler gyş aýlarynda-da yzygiderli alnyp barylýar. Häzirki döwürde sebitde ýüpek gurçugynyň pilesini janlandyrmak üçin niýetlenen inkubator desgalaryny taýýarlamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Welaýat boýunça 70-e golaý şeýle desga hereket edip, olaryň tehniki derejesi geljekki çig malyň hiline gönüden-göni täsir edýär.
Hünärmenler inkubator jaýlarynda giň möçberli arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işlerini geçirýärler, ýörite serişdeler bilen enjamlary işleýärler, şeýle hem howalandyrma we mikroklimat ulgamynyň sazlaşykly işleýşini barlaýarlar. Ýüpekçilik pudagynda zähmet çekýänleriň bellemegine görä, hut şu döwürde geljekki ýaz möwsüminiň üstünlikli bolmagynyň binýady tutulýar.
Daşoguz welaýaty pilä öndürmek boýunça Türkmenistanda öňdebaryjy orunlaryň birini saklap galýar. Her ýyl bu sebitde dokma senagaty üçin ýüzlerçe tonna ýokary gymmatly çig mal alynýar. Ýerli öndürijiler köp ýyllyk tejribäni döwrebap oba hojalyk tehnologiýalary we ylmy maslahatlar bilen utgaşdyrýarlar.
Pudagyň durnukly ösmegi ygtybarly iýmit binýady bilen berk baglanyşyklydyr. Welaýatdaky tut baglary birnäçe müň gektar meýdany eýeläp, her ýyl giňeldilýär. Gyş paslynda-da baglara ideg işleri dowam etdirilýär: arassaçylyk ýagdaýy saklanýar hem-de agaçlaryň kök ulgamy sowuk howanyň täsirinden goralýar.
Häzirki wagtda alnyp barylýan taýýarlyk çäreleri öňümizdäki möwsümde Türkmenistanda ýüpegiň durnukly hem-de ýokary hilli öndürilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.
Şeýle hem okanyň