Oýun sanawy

Türkmenistanda Halkara Deňiz Guramasynyň ýolbaşçylarynyň saparlaryny guramak meýilleşdirilýär

14 Mart. 09:13

Çeşme

Türkmenistanda Halkara Deňiz Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen täze başlangyçlary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde degişli teklipleri beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýylyň 26-njy awgustyndan bäri Halkara Deňiz Guramasynyň agzasy bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk has-da işjeň häsiýete eýe boldy. Häzirki wagtda Türkmenistan guramanyň 14 sany halkara konwensiýasyna goşulyp, olaryň talaplaryna laýyklykda milli kanunçylygy we degişli ulgamlary kämilleşdirmek boýunça çäreleri durmuşa geçirýär.

Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekillerinden ybarat ýörite iş toparyny döretmek teklip edildi. Bu topar Türkmenistanyň halkara deňiz gatnawlary ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrar.

Toparyň ilkinji wezipeleriniň biri hökmünde halkara gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek baradaky konwensiýa Türkmenistanyň goşulmagy boýunça degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle çäreler Türkmenistanyň gämi ulaglary ulgamyndaky halkara hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Şeýle hem 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara Deňiz Guramasynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryny guramak, guramanyň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli okuw maslahatlaryny, seminarları we amaly duşuşyklary geçirmek teklip edildi. Bu çäreler Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda halkara deňiz konwensiýalarynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýere we daşary işler ministrine degişli çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.