Oýun sanawy

Si Szinpine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ahalteke bedewi sowgat berildi

19 Mart. 08:37

Çeşme

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda ýakyn we ynanyşykly gatnaşyklary alamatlandyrýan dabaralar boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bilen Hytaýyň Başlygy Si Szinpin dostlukly gezelenç etdiler. Bu waka Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategik gatnaşyklarda özara düşünişmegiň we ýokary derejedäki ynamyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Gezelençden soňra geçirilen özara sowgat alyşmak dabarasynyň barşynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Hytaýyň Başlygy Si Szinpine «Gadyrly» atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi. TDH-nyň habar berşi ýaly, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewiň sowgat edilmegi iki ýurduň arasyndaky taryhy dostluk köprüsiniň has-da berkidilýändiginiň özboluşly nyşany boldy. Bu waka halkara diplomatiýasynyň taryhynda möhüm orun aldy.

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bu gymmatly sowgady uly hoşallyk bilen kabul edip, Hytaýda ahalteke bedewlerine gadymy döwürlerden bäri uly hormat goýulýandygyny aýratyn belledi. Ol Türkmenistanyň meşhur bedewleriň watanydygyny nygtap, mundan 12 ýyl ozal özüne «Gahryman» atly ahalteke bedewiniň hem sowgat berlendigini ýatlady. Ýolbaşçynyň belleýşi ýaly, ahalteke atlary hytaý medeniýetinde hem "behişdi bedewler" hökmünde uly sarpalanylýar.

HHR-iň Başlygy öz çykyşynda türkmen halkynyň «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar» diýen parasatly sözlerini mysal getirip, bu sowgadyň diňe bir özi üçin däl, eýsem bütin hytaý halky üçin hem uly hormatdygyny nygtady. «Gadyrly» atly bedewiň sowgat berilmegi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky "polat gatnaşyklaryň" we dostlukly goňşuçylyk ýörelgeleriniň geljekde hem üstünlikli dowam etjekdiginiň kepili hökmünde garalýar.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.