Oýun sanawy


Tikenjik bilen Mymyjyk körpelere sabyrsyzlyk bilen garaşýar!
24 Sen. 06:48Çagalar üçin ajaýyp habar! Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi Tikenjik atly kirpijik bilen Mymyjyk atly towşanjygyň başdan geçirenleriniň 3-nji we 4-nji bölümlerini önümçilige göýberdi. Bu multserial 6 ýaşa çenli çagalar üçin niýetlenendir we gahrymanlaryň gyzykly wakalaryndan durýar.
«Gowy gün» atly bölüm 2025-nji ýylyň 4-7-nji awgusty aralygynda Gazagystanda geçirilen Halkara Ülker animasiýa festiwalyna ilkinji gezek gatnaşdy. Bu bolsa türkmen multfilmleriniň önümçiliginiň halkara standartlaryna laýyk gelýändiginiň subutnamasydyr.
Multserialyň birinji we ikinji bölümleri «Ýaşlyk» teleýaýlymynda we «BeletFilm» onlaýn kinoteatrynda iň köp görülýänleriň hataryna girdi. 2D görnüşindäki multfilm gahrymanlaryň bilelikde oýnap, ululary diňläp, biri-birini goldap, ýalňyşanlarynda ötünç soraýandygyny görkezýär.
Birinji iki bölüme «BeletFilm» onlaýn kinoteatrynda tomaşa edip bilersiňiz ýa-da 0530 gysga belgisine 871 ýazyp göni internet salgysyny alyp bilersiňiz.
Täze bölümlere sabyrsyzlyk bilen garaşýarys, olar körpelere ýakymly pursatlardan doly ajaýyp sowgat bolar!
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň