Oýun sanawy


Ol dünýäniň iň meşhur futbolçylarynyň biri. Hasaplarynda millionlar bar. Şertnamalary, kuboklary, dünýä derejesindäki şöhraty bar. Emma ol döwük ekranly telefon göterýär. Boş wagtyny bolsa… metjitde geçirýär.
Ýakyn wagtda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary Türkmenistanda “Arkadag” topary bilen duşuşar. Futbol ýyldyzlary bilen bilelikde bu ýere Sadio Mane hem gelip biler. Bu gün biz diňe bir futbolçy däl, eýsem Senegalyň Bambali obasynda, garyp musulman maşgalasynda dünýä inen hakyky ynsan barada gürrüň bereris.
Onuň kakasy ýerli metjitde imam bolupdyr. Onuň önüp ösen ýerlerinde futbol hünär däl-de, boş hyýal hasaplanylýardy. Sadio bolsa aýak ýalaňaç we ýyrtyk butsy bilen futbol oýnaýardy. Ol hatda futbolçy bolmak arzuwy üçin öýünden hem gaçypdy.
Häzirki wagtda Sadio Mane Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, Afrika kubogynyň eýesi we dünýä futbolynyň ýyldyzy. Emma baýlyk onuň içki dünýäsini üýtgetmedi.
Sadio Mane yzygiderli namazyny berjaý edýär, Remezan aýynda oraza tutýar we futbol oýunlardan soň hem yzygiderli metjide barýar. Angliýada ony birnäçe gezek kamerasyz we goragsyz, hiç hili görkezme ýa-da reklama bolmazdan metjitde adaty arassaçylyk işlerini edip ýören mahaly görüpdirler.
Ol alkogol içmeýär, sada ýaşaýar we şeýle diýýär: «Halkym iň ýönekeý zatlara hem mätäçkä, maňa on awtoulagyň ýa-da altyn sagadyň näme peýdasy bar?»
Öz serişdeleri bilen Sadio Mane doglan obasynda hassahana, mekdep, stadion gurdy, kakasynyň imam bolup işlän metjidini abatlap berdi we sebitdäki iň garyp maşgalalara her aý maddy kömek berýär.
Ol şeýle diýýär: «Men açlygyň nämedigini bilýärin. Men muny başdan geçirdim. Eger şu gün men kömek edip bilýän bolsam — hakyky baýlyk şoldur». Sadio Mane beýik bolmagyň diňe meýdançada däl, eýsem durmuşda hem mümkindigini subut edýän futbolçydyr.
Şeýle hem okanyň


Kilian Mbappeniň dubly «Reala» «Kamp Nouda» «El-Klasikoda» möhüm ýeňiş getirdi
26 Okt. 05:16Ispaniýanyň La Ligasynda geçirilen nobatdaky hyşylykly «El-Klasiko» duşuşygynda Madridiň «Realy» myhmançylykda «Barselonany» 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Barselonadaky meşhur «Kamp Nou» stadionynda geçirilen oýunda taryhy garşydaşlyk uly gyzyklandırma döretdi. Birinji ýarymyň ahyrynda, ýagny 41-nji minutda Madridiň fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe jerime meýdançasyndaky bulamaçlykdan peýdalanyp, hasaby açmagy başardy. Şeýle hem birinji ýarymda «Barselonanyň» goragçysy Hawi Espart şikes alyp, oýny erte terk etmäge mejbur boldy.
Ikinji ýarymda ýer eýeleri hasaby deňlemek üçin hüjümleri artdyrdylar we 61-nji minutda Pedriniň takyk pasyndan soň Rafinýa derwezä top geçirip, ýagdaýy deňledi. Emma duşuşygyň ahyrynda, 87-nji minutda madridliler çalt garşylykly hüjüm gurnadylar — Eduardo Kamawinganyň pasyny Kilian Mbappe sowukqanlılyk bilen derwezä gönükdirip, dubl etdi we toparyna wajyp 3 utugy getirdi. Bu ýeňiş «Realyň» 2023-nji ýylyň oktýabryndan bäri katalonlaryň meýdançasynda gazanan ilkinji myhmançylyk ýeňşi boldy.
Oýundan öň bukmeýkerler «Barselonany» faworit hasaplan hem bolsalar, bu netije katalon klubynyň şu möwsümde La Ligadaky ilkinji ýeňlişi hökmünde kassa ýazyldy. Házirki wagtda Žoze Mourinýonyň tälim berýän «Realy» 24 utuk bilen ýaryş jedwelinde üçünji orny eýeleýär. «Barselona» bolsa ýeňlişe караmazdan, 27 utuk bilen çempionatda birinji orundaky eýelän ornuny saklap galýar.
Şeýle hem okanyň