Oýun sanawy

FIFA Dünýä çempionaty — 2026-da oýun düzgünlerine düýpli üýtgeşmeler girizip biler

29 Mart. 17:26

Çeşme

2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda, FIFA oýnuň dinamikasyny ýokarlandyrmak we wagt ýitgisini azaltmak maksady bilen birnäçe täze düzgünleri synagdan geçirmegi meýilleşdirýär. Insaýder we žurnalist Gaston Edulyň habar bermegine görä, bu üýtgeşmeler futbol taryhynda iň täsirli reformalaryň biri bolup biler. Esasy üýtgeşmeler oýunçy çalşygyna, autlaryň girizilişine we eminler bilen gatnaşyga degişlidir.

Täze teklip edilýän düzgünlere görä, oýunçy çalşygy wagtynda meýdançany terk edýän futbolçy munuň üçin bary-ýogy 10 sekunt wagt sarplamaly. Eger oýunçy bellenen wagtda meýdançadan çykmasa, täze girýän oýunçy oýna goşulmak üçin bir minut garaşmaly bolar we şol wagt aralygynda topar bir oýunçy azlykda galmaly bolar. Şeýle hem, topy autdan oýna girizmek we derwezeden urgy urmak üçin berilýän wagt 5 sekunda çenli azaldylar. Bu möhlet bozulsa, topa eýelik etmek hukugy derrew garşydaş topara berler.

VAR (Wideo kömekçi emin) ulgamynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmek hem gün tertibinde duran meseleleriň biridir. Mundan beýläk VAR diňe göni gyzyl kartlara däl, eýsem meýdançadan kowulmaga sebäp bolýan ikinji sary duýduryşlara we ýalňyş berlen burçdan urgulara hem seredip biler. Mundan başga-da, eminler bilen diňe toparyň kapitanynyň gepleşip biljekdigi baradaky düzgün has-da berkidiler. Beýleki oýunçylar emine düşündiriş sorap ýüz tutan ýagdaýynda haýal etmän sary kart bilen jezalandyrylar.

Futbol janköýerleri üçin ýene bir möhüm habar: FIFA 1-nji aprelde bilet satuwynyň soňky tapgyrynyň başlanýandygyny yglan etdi. Oýunlar 11-nji iýun – 19-njy iýul aralygynda geçiriler we biletlere bolan isleg häzirden örän ýokarydyr. Eýýäm bir milliondan gowrak bilet satylan hem bolsa, FIFA-nyň baha syýasaty halkara muşdak guramalary tarapyndan tankyt edilýär. Dünýäniň iň uly futbol forumy diňe bir täze düzgünleri bilen däl, eýsem rekord derejedäki gatnaşyjylary we täze formaty bilen hem futbol taryhyna gorer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar

26 Okt. 08:09

Çeşme

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.

Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.

Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌