Oýun sanawy


«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy Çempionlar ligasynyň pleý-off duşuşyklaryny ýaýlyma berer
16 Few. 10:10«Türkmenistan Sport» döwlet sport teleýaýlymy 2025/2026 möwsüminiň UEFA Çempionlar ligasy boýunça pleý-off tapgyryndaky duşuşyklary göni ýaýlymda görkezmegi meýilleşdirýär. Janköýerler Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynyň arasyndaky oýunlara tomaşa edip bilerler.
Ilkinji duşuşyklar 17–18-nji fewralda, jogap oýunlary bolsa 24–25-nji fewralda geçiriler. Ýaýlym tertibi şeýle:
17-nji fewral
22:45 — Galatasaraý — Ýuwentus
01:00 — Benfika — Real Madrid
18-nji fewral
22:45 — Garabag — Nýukasl Ýunaýted
01:00 — Brýugge — Atletiko Madrid
19-njy fewral
22:45 — Fenerbahçe — Nottingem Forest
01:00 — Seltik — Ştutgart
Iki duşuşygyň netijesi boýunça ýeňiş gazanan toparlar 1/8 final tapgyryna çykar. Möwsümiň final duşuşygy 30-njy maýda Budapeşt şäherinde geçiriler. Görkezilen wagtlar Aşgabat wagty boýunça berilýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.
Şeýle hem okanyň