Oýun sanawy


Balkanabat şäherinde ýapon awtoulag öndürijisi Toyota-nyň resmi hyzmat merkezi açyldy. Bu merkeziň işe girizilmegini Türkmenistanyň resmi Toyota dileri — «Garagum Ulag» Hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy. Merkez M37 ýoly, 52-nji bina ( «Balkan Gaz Üpjünçilik» dolandyryşyň ýanynda) ýerleşýär we Balkan welaýatyndaky ilkinji resmi Toyota hyzmat nokady boldy.
Täze hyzmat merkezi, sebitiň Toyota ulag eýelerine paýtagta gitmezden ýokary derejeli tehniki hyzmatdan peýdalanmaga mümkinçilik berer. Bu ýerde diňe hakyky ätiýaçlyk şaýlary ulanylar we hyzmat işleri Toyota standartlary boýunça taýýarlanan sertifikatly hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Açylyş mynasybetli «Garagum Ulag» ilkinji 50 müşderi üçin ýörite aksiýa yglan etdi: Toyota 5W40 ýagyny çalşanyňyzda täze ýag — sowgat! Bu aksiýa çäkli wagtda dowam eder we sebitiň ulag eýelerine Toyota hyzmatynyň hilini görkezmek maksadyny taşýar.
«Garagum Ulag» kompaniýasy 2009-njy ýyldan bäri Toyota brendini Türkmenistanyň bazarynda wekilçilik edýär. 16 ýylyň dowamynda kompaniýa giň diler toruny döretdi we Toyota ulaglarynyň eýeleri üçin ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanaldy.
Habarlaşmak üçin: +99362870555
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň